Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy

Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy

Türkiýäniň media serişdelerinde türkmenistanlylar barada habarlaryň peýda bolmagy dowam edýär. Türk türmesiniň gaçgagy Türkmenistanyň raýaty Maksat Bahramow Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Stambulda öý arassalamaga baran türkmen raýaty bolsa, jaý eýesiniň 14 müň dollara golaý serişdesini ogurlady. Şeýle-de, Izmirde öldürilen dört türkmenistanlynyň jesetleriniň kime degişlidigini anyklamak boýunça DNK barlagy tamamlandy.

Bahramow COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýapyk görnüşli türmeden çykarylýar we ondan bir hepdäniň dowamynda açyk görnüşli türmä özüni tabşyrmak talap edilýär. Ýöne Bahramow bu talaba boýun bolman, 2022-nji ýyldan bäri gaçgaklykda ýaşaýar.

“Stambul aeroportunyň polisiýasy maşgalasyny ugratmak üçin 22-nji iýunda agşam sagat 7 töwereginde aeroporta baran Bahramowdan şübhelenýär we onuň resminamalaryny barlaýar. Barlagyň netijesinde, olar Döwletmyrat Bahramow adyna berlen ýaşaýyş üçin ygtyýarnamanyň galpdygyny anyklaýarlar” diýip, “Haberler.com” neşiri türk polisiýasyna salgylanyp aýdýar.

Türkmen raýatynda barmak yzy barlagy geçirilenden soň, onuň hakyky adynyň Maksat Bahramowdygy we onuň neşe maddalarynyň söwdasyny etmekde ýa-da olary üpjün etmekde 8 ýyl 4 aý türme tussaglygyna höküm edilendigi anyklanýar.

“Pandemiýa döwründe açyk görnüşli türmä özüni tabşyrman, gaçgaklykda ýaşan we dürli jenaýatlar boýunça gözlenýän Bahramow polisiýadaky proseduralardan soň, Maltepe türmesine iberildi” diýip, “Hürriýet” neşiri belleýär.

“Milliyetiň” 22-nji iýundaky habaryna görä, Stambulyň Güngören etrapçasynda öý arassalamaga baran başga bir türkmen raýaty bolsa, jaý eýesiniň 350 müň türk lirasy möçberindäki, ýagny 14 müň dollara golaý serişdesini ogurlady.

“Jaý eýesi dükana gidensoň, onuň gymmatbaha harytlaryny, şol sanda 173 gram altyny, 835 dollary we 200 ýewrony sumka salyp, öýden giden Maýsa howpsuzlyk kamerasy tarapyndan ýazga alynýar. Jaý eýesiniň polisiýa şikaýat bilen ýüz tutmagy netijesinde, ol we onuň waka bilen ilteşikli adamsy Döwletgeldi tussag edilýär” diýip, neşir iki türkmen raýatynyň kazyýet diňlenişiginden soň tussag edilip, türmä geçirilendigini belleýär.

Bu aralykda, türk mediasy Izmir şäherinde öldürilen dört türkmenistanlynyň jesetleriniň kime degişlidigini anyklamak boýunça DNK barlagynyň tamamlanandygyny habar berýär.

Ýatlatsak, Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň böleklere bölünen jesetleri 18-nji iýunda bir jaýdaky doňduryjynyň içinde tapyldy. Olary öldürmekde aýyplanýan türkmen raýaty Saparmurad Hallyew jesetleri 160 bölege bölendigini boýun alypdy.

“Merhumlaryň jesetleri öten agşam garyndaşlaryna berildi we jaýlanmak üçin Stambula äkidildi. Dört türkmeniň şu gün öýlän Zinjirlikuýu gonamçylygynda jaýlanjakdygy habar berildi” diýip, “Hürriýetiň” 24-nji iýundaky maglumatynda bellenilýär.

Adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri türk ýa-da beýleki ýurtlaryň metbugatynda türkmenistanlylar barada çykýan habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler, bular barada mesele gozgamaýarlar.

Azatlygyň bular barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we konsulhanasyny bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermeýär.

Ýöne Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri, Türkiýede dört türkmen raýatynyň öz watandaşy tarapyndan wagşylarça öldürilmeginiň yz ýany, türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň daşary döwletlere gitmegini gaýtadan çäklendirmäge çalyşýanýandygyny aýtdylar.

Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk häkimiýetleri 213 müňe golaý türkmenistanlynyň kanuny esasda Türkiýede ýaşaýandygyny mälim edýärler. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Türkiýede türkmenistanly zenanlar esasan öý hyzmatçysy bolup işleýärler, garrylara we syrkawlara ideg edýärler ýa-da kiçi çagalara seredýärler. Erkek migrantlar esasan awtoýuwalgalarda, gurluşyklarda ýa-da motokurýer bolup işleýärler. Bular agyr we az gazançlary az işler hasaplanylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi
Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy
Dünýäde iň uly ýeralma kädi bolup çykdy