Moskwanyň Lokomotiwi Russiýanyň kubogynyň ¼ finalynda Tolýattinskiniň Akron toparyndan asgyn geldi ― diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Žigulýewskde geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Akron 14-nji minutda Sergeý Makarow bilen öňe saýlandy, Lokomotiw 75-nji minutda Fransua Kamano bilen hasaby deňledi.
11 metrlik jerime urgularynda ýer eýeleri 7:6 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykda aýgytlaýjy pökgini türkmen futbolynyň 26 ýaşly uçurymy Jamaldin Hojanyýazow geçirdi.
Hojanyýazowyň Tolýattinsk şäheriniň toparyna geçen ýylyň awgust aýynda goşulandygyny ýatladýays.
Baýramaly şäherinde doglan Jamaldin futbol bilimini Daşkentiň Çilanzar sport mekdebinde aldy.
2012-nji ýylda ol Sankt-Peterburgyň Zenitiniň Ýuriý Konoplýow adyndaky futbol akademiýasyna goşuldy. Eýýäm 17 ýaşynda Russiýanyň çempionatynda we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda hem çykyş etdi.
2014-nji ýylda Amkara kärendä berlen Hojanyýazow 2015-nji ýylda Daniýanyň Superligasynyň wekili Orhusda çykyş etdi. Şondan soň ol Russiýanyň Dinamo (Sankt-Peterburg), Baltika, Azerbaýjanyň Sumgait ýaly toparlarynda çykyş etdi.