Türkmenistanly futbolçylar AFL Kids Cup — 2024 halkara ýaryşynda üç medala mynasyp boldular

Türkmenistanly futbolçylar AFL Kids Cup — 2024 halkara ýaryşynda üç medala mynasyp boldular

Ýaşajyk türkmen futbolçylary Daşkent şäherinde geçirilen AFL Kids Cup — 2024 atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýaryşda altyn medallary Batly we Gökje futbol toparlary gazandy. Bu toparlaryň birinjisi 2012-nji ýylda doglan we şondan hem kiçi ýaşly okuwçylardan, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybaratdyr. 2009-njy ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen Çandybil futbol topary bolsa kümüş medal bilen ýaryşyň hormat münberine çykmagy başardy.

Soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen AFL Kids Cup ýaryşy çagalaryň arasynda futboly wagyz etmekde we geljekki ýyldyzlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýaryşy guraýjylardyr dürli ýurtlardan gelen futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri türkmenistanly toparlaryň başarnygyna ýokary baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýaş türkmen futbolçylary Daşkentde geçen AFL Kids Cup-2024 halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
16-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Jeki Çanyň täze filmi
Diňle: Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başlady
Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy