Türkmenistanly eminler MAFA-2024-e gatnaşarlar

Türkmenistanly eminler MAFA-2024-e gatnaşarlar

Türkmenistanly futbol eminleri ýetginjekleriň arasynda Duşenbede geçiriljek MAFA ― 2024-iň duşuşyklaryny alyp bararlar.

Türkmenistanly futbol eminleri Duşenbe şäherinde (Täjigistan) geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasyndaky Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň duşuşyklaryny alyp barmak üçin çagyryldy.

Ýaryşa Türkmenistandan emin hökmünde Arslan Goşşanow hem-de eminleriň gözegçisi hökmünde Çarymyrat Gurbanow gatnaşar.

Sebit çempionatynyň 17 ― 24-nji awgust aralygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Oňa Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylary wekilçilik eder.

MAFA-nyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry bir aýlawdan ybarat bolar. Şol duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelän ýygyndylar final duşuşygyna gatnaşar, ikinji orunlary eýelänler bolsa umumy ýaryşyň üçünji orny üçin göreşerler. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda bäşinji-altynjy orunlary kesgitleýän duşuşyk hem geçiriler. Çempionatyň duşuşyklarynyň ählisini Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýaş futbol eminlerini saýlap almak boýunça işler başlandy
Ýokary liga ― 2023: täze möwsüm Köpetdag ― Şagadam duşuşygy bilen başlar
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Ýokary liga ― 2023: Şiri Annaýew täze möwsümde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji futbolçy boldy
TÝL ― 2023: 4-nji maýda 5-nji tapgyra badalga berler
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Mary welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň “Sazlaşygyň yşgynda” atly toparlaýyn sergisi