Türkmenistanly emigrant ABŞ-nyň gözeli-2018 bäsleşiginde Ýuta ştatyna wekilçilik etdi

Türkmenistanly emigrant Narina Işanowa 21-nji maýda geçirilen ABŞ-nyň gözeli -2018 bäsleşiginde Ýuta (Utah) ştatyna wekilçilik etdi.

Etniki türkmen zenanynyň metbugata gürrüň bermegine görä, ol Ýutanyň gözeli diýen derejäni almak üçin alty gezek synanyşyk etdi we ştata geň bir konkursda wekilçilik etmeli boldy.

“Men bäsleşigiň ilkinji ýyllaryny, üstümden gülerler öýdüp, özümiň nireden gelendigimi, haýsy dilde gürleýändigimi aýtmaga gorkuşymy ýatlaýaryn. Diňe üçünji gezek, haçanda men özümi tanatmakdan gorkmagy bes edenimden soň, ýokarky 5-lige çykdym” diýip, Narin gürrüň berdi.

Ol Türkmenistandan ABŞ-ra göçüp baran emigrantyň gyzy, ol bu ýurda gelende 11 ýaşyndady.

“ABŞ-laryna göçüp gelmek örän çylşyrymly boldy. Biz dört ýylyň dowamynda kakamdan aýry ýaşamaly bolduk. Ýöne, Türkmenistanda çagalaryň geljegi ýok we biz diňe Amerika gelenimizden soň özümiziň azat adam bolandygymyza düşündik” diýip, Narina gürrüň berdi.

Emma,gyz bäsleşikde ýeňiji bolup bilmedi. Bäsleşigiň ýeňijisi 23 ýaşyndaky Sara Rouz Sammers boldy, ol Nebraska ştatyndan gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
Finala ýeňillik bilen çykdy
Ikisiniň hem 2-nji ýeňşi
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Asly türkmenistanly ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär
Dünýäniň iň agyr organizmi