Halkara Dzýudo federasiýasy resmi web-saýtynda 27 — 29-njy ýanwar aralygynda Almada şäherinde Portugaliýanyň Gran-pri ýaryşynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Oňa Türkmenistandan 10 türgen gatnaşar.Has takygy, erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Hakberdi Jumaýew bilen Aýbek Ömirow, 66 kilogramda Serdar Rahymow bilen Hekim Agamämmedow, 73 kilogramda Parahat Nazarow, 81 kilogramda bolsa Şatlyk Seýitmyradow çykyş eder.
Zenanlaryň aasyndaky ýaryşda bolsa Türkmenistana Aksoltan Hojageldiýewa (48 kilograma çenli agram derejesi), Kurbanaý Kurbanowa (48 k.ç.a.d.), Maýsa Pardaýewa (5 k.ç.a.d.) we Zulhumar Daşkinowa (63 k.ç.a.d.) dagylar wekilçilik eder.
Portugaliýanyň Gran-prisine 68 döwletden 452 türgeniň çykyş etjekdigi dzýudo muşdaklaryna ýetirildi. Munuň özi bu ýerde bäsdeşligiň diýseň güýçli boljakdygyny aýan edýär.
Ýaryş türkmen türgenlerine olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin zerur ballary toplamaga mümkinçilik bolar.