Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar

Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar

Türkmenistanly ýetginjek boksçular ýakynda gazagystanly meşhur boksçy Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanyp, Aktau şäheriniň Dosan batyr sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň altysyna mynasyp boldular. Şunda türkmen türgenleriniň bir altyn, bir kümüş we dört sany bürünç medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Dört döwletiň ― Türkmenistanyň. Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekillerini özünde jemlän halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jeýhun Döwranow gazandy. 57 kilograma çenli agram derejäniň wekili Meýlis Şadurdyýew bolsa diňe final tutluşygyndaky garşydaşyndan ýeňlip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Şeýle hem ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde Hangeldi Lukmanow, 60 kilograma çenli derejede Mekan Sabyrow, 63,5 kilograma çenli türgenleriň arasynda Annageldi Jumamyradow we 67 kilograma çenli derejede Atageldi Seýidow dagylar bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanly türgenleri bu abraýly ýaryşa ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň uly tälimçisi Maksut Şeripow bilen milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Kumakulow taýýarlady. Halkara ýaryşa ildeşimiz Timur Halilowyň emin hökmünde gatnaşandygyny hem agzamak gerek.

Ýeri gelende aýtsak, ýetginjek bokçularymyz şu ýylyň dowamynda eýýäm ikinji gezek bu şäherde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşýarlar. Hut şu şäherde fewral aýynda geçirilen halkara ýaryşda hem ýetginjek türgenlerimiz Maksut Şeripowyň ýolbaşçylygynda 8 medal gazanmagy başarypdylar. Meýlis Şadurdyýew, Hangeldi Lukmanow we Mekan Sabyrow ýaly türgenlerimiz bolsa bu ýaryşlaryň ikisinde hem hormat münberine çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany