Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy

Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy

Türkmenistanly estrada ýyldyzy Kakajan Rejebow Dagystan Respublikasynyň medeniýet ministri Zarema Butaýewa bilen duşuşdy. Ka-Re lakamy bilen tanalýan aýdymçy duşuşygyň suratyny jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda: Dagystanyň medeniýet ministri bilen duşuşyk diýen ýazgy bilen paýlaşdy.

Zehinli ýerine ýetirijiniň 2015-nji ýylda Mahaçkaladaky Hazar güýmenje merkezinde ýekelikde çykyş eden mahaly aýdym-sazlary bilen tutuş Dagystany özüne baglandygyny bellemelidiris.

Dagystanyň metbugaty Ka-Re-ni şeýle suratlandyrýar: Kakajan Rejepow güneşli Aşgabatdan, Türkmenistanyň parlak ýyldyzy. Zehinli ýerine ýetiriji öz kompozisiýasynyň aýdym-saz sazlary bilen tomaşaçylary özüne çekdi. Ine, ol, Opa, opa we Ýyldyz ýaly kompozisiýalar aýdymçynyň ajaýyp eserlerine öwrüldi we dessine meşhurlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?