Türkmenistanly alym YHG-nyň abraýly sylagyna mynasyp boldy

Türkmenistanly alym YHG-nyň abraýly sylagyna mynasyp boldy

28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde bu guramanyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Düýn Garagum otelinde ýurdumyzyň meşhur taryhçy alymy Ýazgylyç Orazgylyjowa Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty ugry boýunça abraýly sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýazgylyç Orazgylyjow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhyny ýazýan alymlaryň biridir.Ol umumybilim berýän mekdepleriň dürli synplary üçin niýetlenen Meniň Watanym, Türkmenistanyň taryhy atly türkmen we rus dillerindäki okuw kitaplarynyň awtorydyr.

Alymyň Türkmenistanyň ösen medeniýet ojagydygy, Gündogaryň galkynyşlary, beýik şahsyýetlerimiz, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen milli däp-dessurlary hakynda ýazan ylmy işleri daşary ýurtlarda-da çap edildi. Ýeri gelende aýtsak, golaýda onuň Soltan Jelaleddin hakda söz atly makalasy hem gazetimiziň okyjylaryna ýetirilipdi.

Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow Türkmenistan gazetine beren interwýusynda şeýle gürrüň berdi:

— Türkmen Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap arzuwlan, jandan eziz görüp goran mukaddesligidir.Garaşsyzlyk türkmen taryhynda öwrülişik pursady boldy.Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara derejede öz mynasyp ornuny eýeledi.

Ol dünýä döwletleri, halkara guramalar, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar.Maňa berlen bu sylaga türkmen ylmyna, alymlaryna halkara derejede goýlan sarpa, institutymyzyň işine berlen ýokary baha diýip düşünýärin.

Institutymyzda türkmeniň taryhyna, medeni mirasyna degişli gadymy kitaplary toplamak, öwrenmek we terjime edip, halka ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyzyň galdyran bu tükenmez mirasyna näçe köp ýüzlensek, onuň mazmun we çeperçilik dünýäsine barha çuň aralaşsak, pederlerimiziň nurana ruhy şonça-da şat bolar.

Bu bolsa milli medeniýetimiziň aýratynlyklaryny öwrenmäge ony döwrebap röwüşde has-da baýlaşdyrmaga ýardam eder. Çünki medeni mirasymyz şu günki kämil ruhy dünýämiziň hamyrmaýasydyr.

Medeni mirasymyzyň kalbymyza, ýüreklerimize täsir ediji kuwwatly güýji bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez kuwwat berýär, jebisligiň we agzybirligiň belent duýgusyny terbiýeleýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň 10 müňden gowrak golýazmany özünde jemleýän hazynasy dürli ýurtlara ylmy saparlaryň, yhlasly gözlegleriň netijesinde yzygiderli baýlaşdyrylýar.Ylmyň dürli ugurlaryna degişli golýazmalaryň köpdürlüligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredýär.

Alymlarymyz olaryň rejelenmeginde, ylmy esasda öwrenilmeginde we häzirki zaman türkmen dilinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmeginde uly işler alyp barýarlar. Şu günki güne çenli 300-den gowrak kitap terjime edilip, çap edildi. Ýene şonçarak kitap neşire taýýarlandy.

Institutymyzyň alymlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 sany kitaby çapa taýýarladylar. Olaryň hatarynda Abu Osman Jahyzyň Türkmenleriň mertebeleri, Ymadeddin Yspyhanynyň Seljuklar nesilşalygynyň taryhy, Muhammet Awfynyň Naýbaşy danalar, Seýfeddin Hajy ibn Nyzam Ukaýlynyň Wezirleriň öçmejek yzlary, Seýfi Saraýynyň Türkmen Gülüstany, Abdyrahman ibn Jöwziniň Danalaryň kitaby,

Muhammet Ibn Nejip Bekranyň Jahannama ýaly gymmatly kitaplary bar. Şeýle kitaplar ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne nesillerimiz üçin egsilmez ylham çeşmesi, ýol-ýörelge mekdebidir.

Ýaşym segsenden agsa-da, entek etmeli işlerim köp diýip hasaplaýaryn. Gadyryň bilinýän, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler bolan döwürde güýç-gaýratymyz asla egsilmeýär. Ýyllar şöhratly taryhyň altyn sahypalaryna öwrülýär, şanly senelerimiz hem biri-birine ulaşýar.

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy uly buýsanç we dabara bilen bellener. Beýik söz ussadymyz bagtyýarlygyň gadyryny bilmegi, geçmişiňi unutmazlygy wesýet edipdir. Türkmeniň beýik hem buýsançly taryhy, oňa mynasyp şu güni, ýagty geljegi bar. Ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun! Uly sylag-hormat üçin hoşallygymyň çägi ýokdur.

Ýene degişli makalalar

“Şagadam” bürünç medala mynasyp boldy
Türkmen alymy Ýazgylyç Orazgylyjow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sylagyna mynasyp boldy
YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY
Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitine bagyşlanan brifing geçirildi
YHG-nyň Aşgabat sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy