Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwyň paýtagtyň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyny 7 medal bilen tamamladylar. Olaryň 3-si altyn, ýene şonçasy bürünç, biri bolsa kümüş medaldyr.
50 döwletden 280 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysynyň ýyldyzy, ozal hem habar berşimiz ýaly, lebaply türgen Süleýman Japarow boldy.Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň türgeni 102 kilograma çenli agram derejisinde ýaryşyp, ajaýyp netijeleri görkezdi. Ştangany silterläp galdyrmakda iň ýakyn bäsdeşinden hem iki kilogram öňe saýlanan Süleýman 143 kilogram agyrlygy eýgerip, altyn medala mynasyp bolsa, agyrlygy itekläp galdyrmakda görkezen 170 kilogramlyk netijesi bilen bürünç medal eýeledi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogramlyk netijäni görkezen Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy ýene bir altyn medal gazandy.
Dünýä çempionatynda 16 ýaşly agyr atletikaçy Ogulşat Amanowanyň gazanan netijeleri hem kiçi-girim däl. 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edne paýtagtly gyz öz agram derejesinde ştangany silterläp götermek boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, 77 kilogramlyk agyrlyk bilen kiçi altyn medalyň eýesi boldy.
Itekläp götermekde bolsa 91 kilogram agyrlygy eýgerip bilen Ogulşat bu gezek altyn medalyň eýesinden ― ispaniýaly türgen Lusiýa Gonzales Borregodan iki kilogram yza galdy.Muňa garamazdan, Ogulşadyň umumy netijesi (168 kilogram) dünýä çempionatynyň bürünç medaly üçin ýeterlik boldy.
Dünýä çempionatynda ýetginjekler ýygyndymyzyň ikinji bürünç medalyny Didarbek Jumabaýew gazandy. Ol bu üstünligi ştangany itekläp galdyrmak görnüşi boýunça ýeten 155 kilogramlyk derejesi bilen gazandy. Eger ol üçünji synanyşygynda buýran 157 kilogramlyk agyrlygyny hem eýgeren bolsa, onda kümüş medalyň hem eýesi bolup bilerdi. Muňa garamazdan, ildeşimiz 67 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli agyr atletikaçylaryň dörtlügine girmegi başardy.
Dünýä çempionatynda gazanylan bu medallar ýurdumyzda agyr atletikany ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň öz oňyn miwesini berýändigini görkezýär. Kemala gelýän agyr atlwetikaçylaryň ezber we zehinli nesli ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň geljeginiň has parlak boljakdygyny buşlaýar.