Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda birnäçe medallara mynasyp boldular

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda birnäçe medallara mynasyp boldular

22 — 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 280 türgen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Zehinli türgen ştangany silterläp götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdirip, altyn medal gazandy.

Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi bolsa türkmen türgenine bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan türgen umumy hasapda hem altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Ýaş türgen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär.

Çempionatda 49 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa hem medallaryň üçüsine eýe boldy. Ol ştangany silterläp galdyrmakda 77 kilogram netije bilen altyn medal gazandy. Ogulşat ştangany itekläp götermekdäki 91 kilogram netijesi bilen bürünç medal gazanan bolsa, iki görnüşiň jemi boýunça görkezen 168 kilogram (77+91) netijesi ony umumy hasapda kümüş medala ýetirdi.

Ýaryşda 67 kilogram agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew hormat münberine çykmagy başardy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça dördünji orny eýeledi. Didarbek Jumabaýewiň umumylykda görkezen netijesi 272 kilogram (117+155) boldy. Türgen ştangany itekläp götermekde görkezen 155 kilogramlyk netijesi bilen şu görnüşiň bürünç medalyny eýelemegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýedi medal gazandylar
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Dublin ýaşaýjylarynyň ulag dyknyşyklarynda geçiren wagty boýunça öňdeligi eýeledi
Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Dünýäniň iň owadan obalary saýlandy