Türkmenistanly agyr atletikaçy Tokio Olimpiadasynda 6-njy ýer aldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Tokio Olimpiadasynda 6-njy ýer aldy

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda aýallaryň arasynda 55 kg agrama çenli agyr atletika boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanyň 28 ýaşly wekili Kristina Şermetowa ştangany silterläp götermekde 90 kilogram, itekläp götermekde ikinji gezekde 115 kg agramy götermegi başardy we ýaryşy 6-njy orunda tamamlady.

Filippinli türgen Hidilin Dias 55 kg çenli agram kategoriýasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ştangaçy jemi 224 kg netijäni (ilkinji synanyşykda 97 kg, itekläp götermekde 127 kg) görkezdi.

Kümüş medaly hytaýly Lýao Sýuýun (223), bürünç medaly Gazagystanyň wekili Zulfiýa Çinşanlo (213) aldy.Dias iki Olimpiýa rekordyny goýdy: itekläp götermekde we iki maşkyň jemi boýunça.Dias 30 ýaşynda, ol üç gezek dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy (2015, 2017, 2019). Şeýle-de, onuň hasabynda Aziýa çempionatynyň (2015) we Aziýa oýunlarynyň (2018) altyn medaly bar.

Ýaryşyň gutarnykly netijeleri şulardan ybarat:

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan barada gürrüň berdi
Polşa öz çäginde türkmen konsullygynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!