Türkmenistanly agyr atletikaçy Bunýad Raşidow Katar Gran prisinde iki medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Bunýad Raşidow Katar Gran prisinde iki medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Bunýad Raşidow şu günler Kataryň Doha şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda iki medala eýe boldy. Olaryň biri altyn, ikinjisi bolsa bürünç medaldyr.

Şäherdäki Holiday Villa Hotel & Residence Doha sport toplumynda geçirilýän II Gran pri tapgyrynyň ýaryşlary Ýer ýüzüniň 96 döwletiniň iň güýçli agyr atletikçylaryny birleşdirdi. 67 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa gatnaşan türkmen türgeni ştangany silterläp götermek boýunça 141 kilogram agyrlygy eýgerip, ýokary netijäniň we altyn medalyň eýesi boldy.

Bu üstünlik ony ikinji görnüşde we iki görnüşiň jemi boýunça hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykaryp bilerdi. Ýöne itekläp galdyrmak boýunça eden synanyşyklarynda türgen o diýen başarnyk görkezip bilmedi.

Her niçik hem bolsa 157 kilogram agyrlygy eýgeren Bunýad iki görnüşiň jemi boýunça 298 kilogram agyrlyga ýetip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Tejribeli tälimçi Mansur Rejebowyň 23 ýaşly şägirdiniň şu ýylyň maý aýynda Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medal eýeländigini ýatladýarys.

Katardaky ýaryşda bolsa ýene-de medal gazanmak mümkinçiligimiz bar. Çünki ýaryş 14-nji dekabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlaryny iberdiler
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda Dragon Oil kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy