Türkmenistanly 7 lukman Türkiýede ýertitremelerinde ejir çekenlere kömek berýär

Türkmenistanly 7 lukman Türkiýede ýertitremelerinde ejir çekenlere kömek berýär

Türkmenistanly lukmanlar Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere kömek bermeklerini dowam etdirýärler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen bolan duşuşygynda mälim etdi diýip, Anadolu Ajansi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň Türkiýedäki ýertitremelerinde ejir çekenleri halas etmekde we beýleki ynsanperwer kömekleri bermekde beren goldawlary aýratyn nygtalyp geçildi.Hususan-da, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý türkmenistanly lukmanlaryň 7-siniň we lukmançylyk ulgamynyň beýleki işgärleriniň 3-siniň bu tebigy apat zerarly şikes alanlara lukmançylyk kömegini bermegi dowam etdirýändiklerini belledi.

Mundan başga-da, türkmen tarapynyň lukmançylyk serişdelerinden we ýyly eşiklerden ybarat ynsanperwerlik kömekleriň Türkiýä ugradandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Fuat Oktaýyň bellemegine görä, Türkiýedäki ýer titremelerinde ejir çekenleri halas etmek üçin TDG-niň agza we synçy döwletlerinden halas edijileriň we lukmanlaryň 1703-si kömege geldi.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlarıň Sany 1541 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy