Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi

Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi

Şu gün Bagdatda Yrak bilen Türkmenistanyň arasynda Yragyň elektrik beketleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek boýunça tebigy gaz ibermek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Muny Yragyň Elektrik energetikasy ministrligine salgylanyp, INA resmi habarlar gullugy habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektrik ministri Ziad Ali Fadeliň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu gün Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew Yragyň energetika boýunça wise-premýeri, nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar gaz üpjünçiligi pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Nebit ministri Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy bilen bolan duşuşygynda nebit-gaz we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Yrak bilen Türkmenistanyň bu ugurlarda uly mümkinçilikleri bar. Hökümet we ministrlik Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýär diýlip, Yragyň Nebit ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Duşuşykda Abdul Gani özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişilmegini hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm ädim hasaplaýandygyny aýtdy we türkmen kompaniýalaryny ministrlik tarapyndan yglan edilen geljegi uly maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň awgust aýynda Yragyň energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmediň we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmailiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda bolup, ýangyç-energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle-de türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Yraga ibermek boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçiripdiler.

Şeýle-de, okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Ärdogan üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Awaza geldi