Türkmenistandan Türkiýä goşmaça ynsanperwerlik kömegi iberildi

Türkmenistandan Türkiýä goşmaça ynsanperwerlik kömegi iberildi

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Türkiýäniň käbir welaýatlarynda bolup geçen ýer titreme zerarly ejir çekenlere goşmaça ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken degişli Karary ýurduň resmi metbugatynda çap edildi.

Türk halkynyň çagalary üçin anna güni Türkiýä ugradylan goşmaça ynsanperwerlik kömegi derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, harytlardan, gyşky egin-eşiklerden hem-de azyk önümlerden ybarat bolup, olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti tarapyndan muzdsuz berildi.

Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady.

Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy duşenbe güni emele gelen ýertitremäniň 7,8 bala deň bolandygyny belledi. Şeýle hem duşenbe gününiň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýer titreme hadysasy bolup geçdi.

AFAD-yň habar bermegine görä, ýertitremelerden soň 1891 sany kiçi sarsgyn emele geldi. Şu gün irden Türkiýe wagty bilen sagat 07:30 ýagdaýyna görä, wepat bolanlaryň sany 20 müň 665-e, ýaralananlaryň sany bolsa 80 müň 88-e ýetdi.

Ýene degişli makalalar

2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar
Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär
Türkmenistan we HGHK sebit bölümi 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy
Türkmenistanyň logistika kompaniýalary Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdiler
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdi