Türkmenistandan Russiýa gitmek isleýän türkmenleriň sany köp bolmagynda galýar

Türkmenistandan Russiýa gitmek isleýän türkmenleriň sany köp bolmagynda galýar

Russiýada harby mobilizasiýanyň yglan edilendigine garamazdan, köp türkmenistanly bu ýurda wagtlaýyn ýa-da hemişelik göçüp gitmegini dowam etdirýär. Muňa Moskwa gitmek üçin uçar biletlerini satyn alýanlaryň we Russiýa syýahatçylyk wizalaryny almaga kömek edýän kompaniýalaryň öňündäki adamlaryň sanynyň köp bolmagy şaýatlyk edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy we çeşmesi maglumat berdi.

"S7 awiakompaniýasynyň Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeldýändigi barada habarlar peýda bolandan soň, onuň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde köp sanly adam üýşüp başlady. Biletler öňümizdäki aýlar we ondan soňky aýlar üçin satylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

S7 awiakompaniýasynyň Moskwadan Türkmenbaşa we yzyna göni uçuşlar üçin biletleriň satuwyny ýola goýandygy barada hökümetçi "Turkmenportal" neşiri 7-nji oktýabrda habar berdi. Martda Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalar sebäpli S7 daşary ýurtlara uçuşlary guramagy bes edipdi. Hökümetçi neşiriň habarynda yzygiderli uçuşlaryň 17-nji oktýabrda başlajakdygy we hepdede bir gezek — duşenbe güni amala aşyryljakdygy bellenilýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, hepdäniň başynda bir ugur boýunça bir bilet $410 satyldy. Ýöne alyjylar, käbir resmi däl, goşmaça tölegler sebäpli​, biledi $486 satyn almaly boldular.

Şol bir wagtda, aradan iki gün geçen soň, bilediň satuwy we bahasy bilen bagly käbir üýtgetmeler güýje girizildi. Awiakompaniýa "arzanladyş yglan etdi" we "ekonom klas" biletleri 6860 manada, "biznes klas" biletleri 8060 manada satyp başlady. Bu Merkezi bankyň kursunda degişlilikde $1960 we $2300, gara bazaryň nyrhynda $343 we $403 deňdir.

Habarçymyz biletleriň bahalarynyň köp raýatyň maddy mümkinçiliginden gymmatdygy sebäpli, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň köpüsiniň Russiýa göçüp gitmek üçin ilki Özbegistana gidýändigini belleýär.

"Goşa raýatlygy bolan türkmenler Özbegistana wiza alyp, bu ýurda girýärler. Soňra olar Özbegistandan Russiýa uçýarlar. Ol ýerde uçar bilediniň bahasy $200-e barabar. Olar hususy takside Aşgabatdan özbek serhedine gitmek üçin $30 töleýärler. Adamlar bolup bildiginden pul tygşytlamaga çalyşýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Habarçymyz we çeşmämiz Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň raýatlygyna eýe bolan türkmenlere Russiýa gitmek üçin dürli görnüşdäki wizany taýýarlap berýändigini aýdýarlar.

"Rus ilçihanasy öň gidýänleriň sanawyny asan bolsa, indi bu sanaw ýok" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Şol bir wagtda, goşa raýatlygy bolmadyk türkmenistanlylar Russiýa gitmek üçin syýahatçylyk kompaniýalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Kompaniýalar Russiýa göçmek üçin ýörite resminamalary bolmadyk bu raýatlara zerur bolan dokumentleri taýýarlamaga kömek edýärler. Habarçymyz bu ýerde-de "Russiýa gitmek isleýän adamlaryň sanynyň juda köpdügini" aýdýar.

"Russiýa gitmek isleýänleriň arasynda rus dilinde gepläp bilmeýän raýatlar bar. Men Russiýa gitmek isleýän bir oglanyň hiç hili rusça gepläp bilmeýändigini gördüm. Onuň kakasy 'Ol rus dilini Russiýada öwrener, şol ýerde ornaşar, soňra bizem öz ýanyna alyp gider' diýdi" diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz soňky wagtda Russiýa göçüp gidýänleriň aglabasynyň ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzyň ýaşaýjylarydygyny we olaryň esasan Tatarystanyň paýtagty Kazana gidýändigini aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, bu raýatlar ýurtdan gitmeginiň sebäplerini esasan Türkmenistanda sosial-ykdysady şertleriň barha ýaramazlaşmagy we agyr işsizlik bilen düşündirýärler. 12-nji oktýabrda habarçylarymyz Russiýa gidýänleriň sanynyň köpelmegine Türkiýe bilen wiza režiminiň girizilmeginiň-de täsir edendigini habar beripdiler.

Köp türkmenistanlynyň Russiýa gitmegini dowam etdirýändigi baradaky habarlar, Russiýada raýatlaryň mobilizisiýa edilip, Ukrainadaky söweşe iberiljekdigi yglan edilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär. Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýa, türkmenleriň öz ýurduny terk etmegi, Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň ykbaly barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa gidýänleriň we gitmek isleýänleriň sanynyň artýandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler. Olar munuň esasy sebäplerini ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk ýeter ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen düşündirýärler. Türkmen häkimiýetleri bu problemalary ykrar etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Tomusky dynç alşyňyzy Turkish Airlines bilen meýilleşdiriň
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
AŞGABAT — KAZAN — AŞGABAT GATNAWLARYNDAKY UÇUŞLAR MOSKWA UGRUKDYRYLÝAR
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Kazana gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy