Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy

Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurtdan göçüp gidýän türkmenistanlylaryň ýörite guralýan çykyş uçarlarynyň nobatlarynyň ýazgysyny wagtlaýyn togtatdy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Göçmek isleýänleriň nobat ýazgysynyň togtadylmagy "häzirki ýokary talaply möwsümde S7 uçarlarynyň ýetmezligi", has anygy, "ol uçarlara bu gatnawyň peýdasyzlygy, bir tarapa adamsyz uçmaly bolmagy, uçaryň diňe bir tarapa ýolagçydan dolmagy" bilen düşündirilýär.

Emma bu, Azatlygyň habarçysynyň ýazmagyna görä, hakykatyň ýa-da sebäpleriň diňe ýarysy bolup durýar.

Göçmek üçin uçara nobata durýanlaryň ýazgysyny nobatda duran türkmenistanlylaryň sanynyň 10 müňden aşmagy sebäpli togtatdylar, özem bu diňe ähli dokumentleri düzüw, şol sanda ýaşaýan jaýlaryndan ýazgydan hem çykan adamlaryň sany diýip, habarçy aýtdy.

Diňe türkmen propiskasy, jaý ýazgysy bolan "goşa raýatlar" aýratyn bir kategoriýa, emma Orsýetde propiskasy, jaý ýazgysy we içerki pasporty bolan adamlary sanawa binobat salýarlar. Bu hili raýatlar, rus propiskasy we rus pasporty bolan türkmenistanlylar Orsýetiň ýaşaýjysy hasaplanýar we olar ilkinji nobatda çykarylmaly, göçürilmeli bolup durýar.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmaklaryna görä, göçüp gitmek isleýän adamlaryň umumy möçberini hatda takmynan hem aýtmak mümkin däl. Bu ýerde eýýäm nobata ýazylmak üçinem nobat bar, şu sebäpden ilçihana bu ýazgylary häzirlikçe togtatmak kararyna geldi diýip, Azatlyga gowşan maglumatda bellenýär.

Şol bir wagtda, aýdylmagyna görä, uçarlaryň iki tarapa hem ýolagçydan dolmagy, netijeli bolmagy üçin, bu işde "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlarynyň ulanylmagy barada ylalaşyk gazanyp bolmaýar; ýogsa bu kompaniýanyň uçarlary işsiz dur, olaryň getirjek girdejisi artykmaçlyk etjek däl, emma häkimiýetleri ykdysady we gumanitar meselelere garanda syýasy mesele has beter gyzyklandyrýana meňzeýär.

Şu aralykda, Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmek isleýän adamlaryň sany eýýäm birnäçe ýyl bäri dowamly köpelýär.

2020-nji ýylda Orsýete Türkmenistanyň 21 680 raýaty geldi diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän hukuk topary Orsýetiň Federal serhet gullugynyň golaýda çap eden maglumatlaryna salgylanyp aýtdy.

Bu adamlaryň aglabasy, 19 431 raýat Türkmenistandan pandemiýa aladalary esasynda girizilen petiklemelerden, serhetleriň ýapylmagyndan we yzygiderli amala aşyrylan uçar gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagyndan öň çykypdyr.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa Orsýete Türkmenistanyň 1323 raýaty çöçüp gelipdir.

Belki-de, ýurtdan göçmek isleýän adamlaryň sanynyň aşa köpelmegi bilen baglylykda, hukuk toparynyň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen häkimiýetleri Orsýet bilen aradaky howa gatnawyny bu golaýda dikeltmekçi bolmaýar.

Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, häzir çykmaga rugsat alan 245 türkmenistanly uçara garaşýar, 420 türkmenistanlynyň işine bolsa türkmen DIM-inde seredilýär.

Şeýle-de neşir ýurtdan maşgala, saglyk ýagdaýlary esasynda çykmak isleýän adamlaryň hem az däldigini, ýöne olaryň köpüsiniň zor bilen yzyna iberilmekden howatyr edýändigini belleýär.

Hukuk toparynyň 17-nji iýuldaky habaryna görä, göçjek bolýan türkmenistanlylar Orsýetdäki dokument resmileşdirmek kynçylyklaryndan, şol sanda türkmen aktiwisti Rozygeldi Çöliýewiň Şeremetýewo aeroportunda saklanyp, uçup gelen ýerine deportasiýa edilişinden habarly we şu sebäpden olar Türkiýä, Ýewropa ýa goňşy ýurtlara, yzlaryna zor bilen iberilmejek ülkelerine gitmegi planlaşdyrýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmedi we soňky on ýylda emele gelen syýasy-ykdysady we medeni ýagdaýlar esasynda göçüp giden raýatlarynyň sany barada syzyp çykan maglumatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Arkadag şäherinde ulanyljak döwrebap ulaglar sowgat berildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär