Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy

Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetleşýän Farap-Alat barlag-gözegçilik nokadyny wagtlaýyn ýapdy. Soňky aýlarda bu barlag nokadynyň üsti bilen Türkmenistandan, Özbegistana göçýänleriň sanynyň artýandygy barada habar berildi.

Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Serhet goşunlarynyň metbugat merkeziniň maglumatyna görä, Farap-Alat barlag nokady 20-nji noýabrda ýapyldy.

Resmi beýanatda dem alyş ýollarynyň agyr keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen şeýle çäräniň geçirilendigi aýdylýar we barlag-gözegçilik nokadynyň haçan öz işini dowam etjekdigi barada anyk maglumat ýok.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýaty bilen Özbegistanyň Horezm welaýatynyň arasyndaky “Şawat-Daşoguz” serhet geçelgesi açyk. Bu barada Özbegistanyň Serhet goşunlarynyň Horezm etrabyndaky gullukçysy Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Diňe Lebap bilen Buhara arasyndaky serhet gözegçilik nokady ýapyk. Daşoguz-Horezm barlag-gözegçilik nokady açyk bolmagynda galýar diýip, özbek serhetçisi aýtdy.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň Lebap welaýatyndan, Özbegistana göçýän özbekleriň sanynyň barha artýandygy görünýär.

Buhara welaýatynyň Alat etrabynda ýaşaýan blogger Feruz Çoriýewiň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, özbek häkimiýetleri daşary ýurtlularyň girişini we ilat ýazuwynyň tertibini sadalaşdyrandan soň, goňşy Türkmenistandan gelýänleriň sany artyp başlapdyr.

Köp sanly türkmen raýatlary syýahatçylyk wizasy bilen serhetden geçýärler.Sebäbi men işden boş wagtymda taksi alýaryn.Birnäçe gün mundan öň Farap-Alat geçelgesinden, iki ýaş ýigidi aldym.

Olar lukman eken.Men olary şäher merkezine getirýänçäm, biraz gürrüňdeş bolduk.Olaryň gürrüňinden belli bolşuna görä, olarda gazyň, elektrik togunyň we kommunal hyzmatyň nyrhlary Özbegistana garanda arzan, ýöne, ine, azyk önümleri, aýratyn-da un gaty gymmatlapdyr, aýlyk bolsa biziňkiden has pes.

Türkmenler bize işlemäge gelýärler, soňky wagtlarda olar has köpeldiler.Köp türkmenistanly bolsa Samarkanda, Buhara gelip, bu şäherleriň üsti bilen Orsýete ýa-da Türkiýä uçýarlar diýip, Çoriýew aýdýar.

Azatlygyň žurnalisti Özbegistanyň Horezm we Buhara welaýatlarynda ýaşamak üçin göçüp gelen üç türkmenistanly bilen gürleşmegi başardy.

Men Daşoguzdan bir ýigide durmuşa çykdym, meniň aslym Şawatdan.O ýyllarda iki döwletiň arasyndaky serhetler entek açykdy.Meniň adamym Daşoguzdan bolan etniki özbek, ýöne ol Daşkentde Irrigasiýa institutyny tamamlady.

Men Ürgenç pedagogik institutyny tamamladym.Türkmenistanda men işsiz galdym.Sebäbi Daşoguzdaky ähli özbek mekdepleri ýapyldy. Ýanýoldaşym hem işsiz galdy.Men Özbegistanyň graždanlygyny ýitirmändim.Soňra ýanýoldaşym hem Özbegistana geler ýaly, ähli dokumentleri täzeden üýtgetdik.

Häzir biziň gyzymyz Ürgenç şäherindäki uniwersitetleriň birinde okaýar.Häzirlikçe biz Şawatdaky ata-enemiziň jaýynda ýaşaýarys diýip, Horezmden bolan Norjon atly söhbetdeşimiz aýdýar.

Synçylar soňky wagtlarda Özbegistanda goňşy Türkmenistandan bolan möwsümleýin işgärleriň sanynyň köpelendigini belleýärler.

Olar 90 güne çenli galyp bolýan wiza alyp, Horezme gelýärler, üç aýlap, gurluşykda işläp, soňra öýlerine dolanýarlar. Olar aýda 50 dollara işlemäge razy bolýarlar. Häzir siz Horezmiň ähli gurluşyk meýdançalarynda diýen ýaly Daşoguzdan gelen işçileri görüp bilersiňiz diýip, horezmli blogçy Anwar Sabirow Azatlyga gürrüň berýär.

Garyplykdan we gadaganlykdan gaçmak

Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy guramasynyň başlygy we "Türkmenistanyň hronikasy" saýtynyň baş redaktory Farid Tuhbatulliniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, Türkmenistandaky diňe bir garyplyk we az aýlyk haklary däl, eýsem etniki kemsitmeler hem çäklendirme çäreleri-de etniki özbekleri ýurtdan göçüp gitmäge mejbur edýän faktorlardyr.

Dogrudan-da, häzir Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan, etniki özbekleriň örän köp sanlysy Özbegistana göçýär.Köpçülikleýin göçmeklik bar diýse bolar.Olaryň köpüsi ilki 90 günlük wiza alyp, Özbegistana gidýärler-de, wagtlaýynça Horezmde ýa-da Buharadaky garyndaşlaryň ýanynda ýaşaýarlar hem wagtlaýyn ýaşamaga rugsat alýarlar.

Soňra resmi dokumentleri ýygnap, öz maşgalasyny kanuny ýagdaýda Türkmenistandan çykarýarlar.Olar jaýlaryny satyp, hemişelik Özbegistana göçýärler.Etniki özbekleriň migrasiýasynyň akymy soňky alty aýyň dowamynda artdy.Men size anyk san aýdyp biljek däl, ýöne göçýän adam köp.

Ykdysady kynçylyklardan başga-da, etniki özbekleriň başga kynçylyklary-da ýeterlik: olaryň çagalary üçin, özbek mekdepleri ýok, özbek telewideniýesi hem ýapyldy.Etniki özbekleriň köpçülik bolup ýaşaýan etraplaryna ýa-da mähellelerine türkmenleri göçürip eltýärler, olary ýolbaşçy wezipelere bellenýär.

Işe-de ilkinji nobatda türkmenleri alýarlar.Mekdeplerde we jemgyýetçilik ýerlerinde milli türkmen geýimlerini geýmäge mejbur edýärler. Şeýle şertlerde etniki azlyklaryň taryhy watanyna gitmekden başga çäresi ýok diýip, Farid Tuhbatullin aýdýar.

Resmi taýdan Türkmenistanda 6,7 milliondan gowrak adam ýaşaýar, olaryň 8-10 %-ti etniki özbeklerdir.

Mundan on ýyl ozal bu ýurduň mekdeplerinde özbek diliniň öwredilişi doly gadagan edildi. Sowet döwründe açylan ähli özbek mekdepleriniň okuwy türkmen diline geçirildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda özbek dilindäki köpçülikleýin habar serişdeleri ýapyldy, özbek telewideniýesine hem gadaganlyk girizildi.

Resmi statistik maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda, Özbegistana göçüp gaýdanlaryň sany 168,7 müň adama barabar boldy.

Özbegistana daşary ýurtlardan hemişelik ýaşamak üçin gelenleriň iň uly paýy Russiýa Federasiýasyndan gelenleriň paýyna düşýär (38,9 %). Daşary ýurtdan gelenleriň diňe 1,6%-i Türkmenistanyň graždanlarydyr.

Göçüp gelýänleriň iň uly akymy Buhara, Samarkant, Nowaýy we Horezm welaýatlaryna düşýär. Şeýle hem we Garagalpagystana-da göçüp barýarlar.

Özbegistanyň Horezm, Kaşgaderýa we Buhara welaýatlary hem-de Garagalpagystan Respublikasy Türkmenistan bilen umumy serhetleşýär. Ýurtlaryň döwlet serhediniň uzynlygy 1650 kilometre barabardyr.

Özbegistandan Türkmenistana geçmek üçin, esasan, dört serhet geçelgesi bar. Olar “Dostluk” we Horezm welaýatyndaky “Şawat” serhet postlary, Buhara welaýatynyň Alat etrabynda “Farap” barlag nokady we Garagalpagystandaky “Hojeýli” barlag nokadydyr.

Özbegistana barýanlaryň arasynda, heniz statistikanyň sanawyna goşulmadyklaryň köp bolmagy mümkin. Öň aýdyşym ýaly, olar syýahatçylyk wizasy bilen gidýärler. Şonuň üçin olaryň köpüsi statistikanyň sanawyna girmeýär diýip, Farid Tuhbatullin Azatlyga gürrüň berýär.

Türkmen ýazyjysy we žurnalisti Hudaýberdi Hallynyň sözlerine görä, özbek-türkmen serhediniň golaýynda ýaşaýan müňlerçe adamy garyndaşlyk gatnaşyklary biri-birine baglanyşdyrýar.

Türkmenistan etniki azlyklaryň çagalarynyň okaýan mekdeplerini ýapmak bilen olary kynçylyga salýar.Ilki bilen ýurtdan etniki gazaklar göçüp gitdiler, indi bolsa özbekler gidýärler.Türkmenistanda sowet döwründen öň oba bolup oturan özbekler bar.

Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda, özbekler owaldan ýaşap gelýärler.Olar esasan daýhançylyk bilen meşgullandylar.Gazaklar göçüp gidende, Türkmenistanda maldarçylyk pese gaçdy, indi bolsa pagtaçylyk bilen ekerançylyk pese düşüp başlar diýip, Hudaýberdi Hally Azatlyga gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýarym milliona golaý etniki özbegiň ýaşaýandygy aýdylýar. Bu bolsa ýurduň umumy ilatynyň 12 göterimini düzýär.

Şol wagtyň özünde, Özbegistanyň serhet ýaka sebitlerinde, şol sanda Horezm we Surhanderýa welaýatlarynda, şeýle hem Garagalpagystan Respublikasynda, 150 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar.

Eger häzir Türkmenistan öz serhetlerini açsa, ilatyň köp böleginiň ýurdy terk edip çykjakdygyny men ynam bilen aýdyp bilerin. Häzir hatda 50 ýaşdan geçenlerem ýurtdan çykýarlar. 30 dollarlyk pensiýa bilen kim ýaşap biler? Ýaňy-ýakyna çenli Türkiýe türkmenleriň gaçybatalga mekany hasap edilýärdi, indi türkmenler eger mümkinçilik bolsa, islendik ýere gidýärler.

Köpler Orsýetiň üsti bilen Amerika we Dubaýa gidýär, hatda Günorta Koreýa, Meksika gidýänlerem bar diýip, Turkmen.News sahypasynyň ýolbaşçysy, žurnalist Ruslan Mätiýew aýdýar.

Gadaganlyklar ýurdy

Türkmenistan adam hukuklaryny gödek bozýan, dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biridir.

Käbir gadaganlyklara ýurtda açyk däl ýagdaýda amal edilýär, olar köplenç dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryndan gizlin ýerine ýetirilýär.

Bu ýurtda aýallara diňe bir maşyn sürmek gadagan edilmän, eýsem, ulagyň öňündäki oturgyçda oturmak hem gadagan.

Mundan daşary-da, dünýä metbugaty bu ýurtda zenanlara kosmetiki serişdeleri ulanmak, konturing etmek, manikýur, saçy boýamak, ýeňil eşik we jinsi geýmek gadagan edilýändigine üns berdi.

Döwlet metbugata doly gözegçilik edýär, daşary ýurt habar saýtlary ýapylýar.

Türkmenistanda özbekler, esasan, Özbegistanyň serhedine golaý ýerlerde ýaşaýarlar.

Türkmenistan sebitde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelenden bäri, iň köp sapar eden ýurtlarynyň biridir.

Soňky 7 ýylyň içinde, özara baryp-gelişmek has ýygjamlady.

Iki tarap hem öz aralarynda çözülmeýän meseleleriň ýokdugyny aýtsa-da, ýurtlaryň arasyndaky wiza we serhetler baradaky soraglar açyk bolmagynda galýar.

Şeýle döwür bolup, iki ýurduň serhet sebitleriniň ýaşaýjylary üçin, üç günlük wizasyz režim güýje girizildi. Häzirki wagtda ol düzgün ýatyryldy, serhet ýakasyndaky ýaşaýjylara hem wiza gerek. Meselem, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Horezme gitmek üçin, Aşgabat şäherindäki Özbegistanyň Konsullygyna ýüz tutmaly we 90 günlük wiza almaly.

Özbegistan-Türkmenistan serhedindäki kontrol nokady ýapylandan soň, wizasy bolanlar Özbegistana diňe uçar bilen baryp bilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň Özbegistanyň üsti bilen ýurda aşmagyna ýol bermeýär
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi