Astrahan döwlet uniwersitetinde türkmenistanly talyplaryň 661-si okaýar. Soňky üç ýylda türkmenistanly talyplaryň 800-den gowragy bu uniwersiteti gutardy diýip, NewsCentral Asia ýazýar.
Bu barada Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory Konstantin Markelow Aşgabatda geçirilen Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkaraylmy maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
Uniwersitetiň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, Russiýa bilen Türkmenistan uzak ýyllaryň dowamynda strategiki hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, sebit howpsuzlygy, ykdysadyýet, energiýa, bilim-ylym meselelerinde täsirli gepleşik gurýarlar.
Markelow konferensiýa gatnaşyjylara türkmen halkynyň däp bolan gymmatlyklary bilen tanyşmak maksady bilen 2019-njy ýyldan bäri uniwersitetde türkmen dil we medeniýet merkeziniň işleýändigini aýtdy.
2014-nji ýyldan bäri bolsa daşary ýurtly talyplar birleşiginiň Astrahan bölümi işleýär. Bu ýerde Türkmenistanyň raýatlary birleşigiň iň uly jemgyýetini, ýagny ähli daşary ýurtly talyplaryň 44%-i düzýär.
Türkmenistanyň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek üçin biz Astrahandaky türkmen konsullygy we Rossotrudniçestwonyň bu ýurtdaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Yzygiderli esasda Türkmenistandaky okuw jaýlary bilen bilelikde çäreler geçirilýär diýip, Markelow aýtdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň W.N.Tatişew adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda bilim ulgamyna degişli Ylalaşyga gol çekidi.