5-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanda 9-14-nji sentýabr aralygynda boljak “Amul-Hazar” awtorallisine taýýarlyk meselelerine bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Başda metbugat wekillerine öňde duran ýaryş, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan ýaryşlary hakynda reklama wideorolikleri görkezildi.
Soňra žurnalistleriň soraglaryna ozalky awtomobil ýaryşçysy, häzir “Afrika Eko reýs” rallisiniň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlessrer jogap berdi.
Ýygnaga gatnaşýan žurnalistleriň biri Türkmenistanyň prezidenti, kadrlarda gowy sürüji bolup görünýän Gurbanguly Berdimuhamedowy hem ýaryşlarda görüp bolarmy diýip sorady.
“Biz Prezidentiň gatnaşmagyna örän begenerdik. Onuň gatnaşjakdygyna umyt edýärin. Şeýle bolsa, men örän şat bolardym. Munuň tassyklanmagyna umyt edýärin. Elbetde, gatnaşmak baradaky karary prezidentiň özi çözer. Emma, biz şeýle çözgüde örän begenerdik” diýip, Şlesser soraga jogap berdi.
TDH-nyň wekili rallä meşhur awtomobil sürüjilerden kimleriň gatnaşjakdygyny sorady. Şlesser bu soraga “öňde duran ýaryşlarda iň görnükli türgeniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow boljakdygyny” aýdyp jogap berdi. “Biz muny arzuw edýäris” diýip, ol aýtdy.
1 of 3
Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow şu ýylyň iýulynda Tatarystana eden sapary mahalynda rällä gatnaşjakdygyny gytaklaýyn tassyk etdi.
Tatarystanyň başlygy bilen dialog wagtynda şol ýerdäkileriň biri Türkmenistanyň prezidentiniň maşyn sürüjileriň ýaryşyna gatnaşjakdygyny aýtdy.Prezident Berdimuhamedow muny inkär etmedi we ýaryşa haýsy maşynda gatnaşjakdygy soralanda, munuň häzirlikçe syrdygyny aýtdy.
2018-nji ýylyň fewralynda Žan-Lui Şlesser prezident Berdimuhamedowa ralliý awtoulagyny sowgat berdi we döwlet baştutany ony şobada synagdan geçirdi;
Prezident Berdimuhamedow iýunda öz ralli awtoulagynyň çyzgysyny çyzdy, ony düzdi we synagdan geçirdi;
Türkmenistanyň baştutany iýulda Hazar ýarymadasynda ýaryş ýolunyň jemleýji bölegini elin synag etdi we şol bir wagtda IMM-niň awtosport merkeziniň professional sürüjisinden üstün çykdy.