Metbugat azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanyň häkimiýetleriniň koronawirus pandemiýasy döwri jemgyýetçilik bilen netijeli aragatnaşyk gurup bilmezligi, halkara maliýe guramalarynyň ýurduň saglyk pudagyny kämilleşdirmek üçin bölüp beren millionlarça dollarlyk proýektleriniň göz öňünde tutulan maksatlara laýyk berjaý edilmezligine getirdi.
Bu barada Halkara Hasaplaşyk Proýektiniň (IAP) Irki Duýduryş Ulgamy arkaly geçiren barlaglarynyň netijelerinde bellenilýär.Türkmenistan häzirki güne çenli öz çäginde COVID-19 ýokanjynyň hasaba alynmandygyny öňe sürýär.
Gurama 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Türkmenistanyň jemgyýetçilik we şahsy pudaklaryny maliýeleşdirmek üçin düýnäniň iň iri ösüş bankalarynyň, şol sanda Aziýa Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň we Bütindünýä bankynyň umumy hasapda 40 million dollar goýberen alty proýektini yzarlady.
Bularyň arasynda Bütindünýä bankynyň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak üçin 2021-nji ýylyň iýunynda Türkmenistan üçin tassyklan 20 million dollarlyk proýekti hem bar. Resmi beýanatda bu proýektiň maksadynyň “koordinasiýany ýurt derejesinde berkitmekden, töwekgelçilik aragatnaşygyny we jemgyýetiň habarlylygyny, şeýle-de test, infeksiýalarynyň öňüni almak we gözegçilikde saklamak, we saglygy saklaýyş desgalarynda iş dolandyryş usullaryny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdygy” aýdyldy.
Emma Halkara Hasaplaşyk Proýektiniň hasabatynda pandemiýa döwründäki kesgitleýji pursatda Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglyk pudagyna niýetlenen bu proýektiň, yglan edilen maksatlaryň ters netijesini berendigi nygtalýar.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglyk pudagyndaky adatdan daşary ýagdaý döwründe, ýurduň beren ýalňyş we ýoýulan maglumatlaryna şärik bolunmagy netijesinde, proýektiň, pandemiýa garşy çärelere bökdençlik döreden we adam durmuşlaryna howp abandyran, maglumat boşlugynyň emele gelmegine getirendigi bellenilýär.
Hasabatda pandemiýa baradaky bu maglumat boşlugynyň arasynda, ýurtda jemgyýet bilen netijeli aragatnaşygy esaslandyrmazdan, ýurduň milli jemgyýetçilik saglyk taýýarlylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegiň tas mümkin däldigi hem nygtalýar.
Mundan başga-da, maglumat ýetmezçiligi ýerine ýetiriji edaralaryň, şol sanda Türkmenistanyň Saglyk ministrligindäki pes derejedäki administratiw mümkinçilikleri bilen ugtaşdy.
Ýatlatsak, Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler pandemiýa döwründe koronawirusdan azatdygyny öňe sürýän Türkmenistandan syzyp çykan maglumatlarda, bu wirusa ýoluganlaryň we ondan ölenleriň hem köp bolandygy habar beripdi. Habarçylarymyz saglyk edaralarynda ýeterlik medisina serişdeleriniň, däri-dermanlaryň ýokdugy barada hem yzygiderli maglumat beripdiler.
Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başky günlerinde ilata zerur saglyk maglumatlaryny bermezlik bilen birlikde, umuman, 'koronawirus' sözüni hem agzatdyrmadylar.
Hasabatda Türkmenistandaky koronawirus ýagdaýlaryny giňden beýan eden hökümete degişli bolmadyk Saglyk portalynyň bellikleri hem getirilýär. Jemgyýetçilik saglygy barada maglumatlary çap edýän neşir pandemiýanyň başky döwürlerinde ýurt raýatlaryna ýeterlik, ýa asla-da ygtybarly maglumat berilmändigini aýdýar.
“Dogry-dürs ynamdar maglumatlara bolan hakyň ret edilmegi, ilatyň saglygyna wehim salýar. Bu ýagdaý ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän ýalňyş maglumat giňişliginde galan raýatlaryň jan we ölüm meselesine öwrülýär” diýip, Saglyk portalynyň başlygynyň sözleri sitirlenýär.
Hasabatda Türkmenistandaky halkara guramalarynyň türkmen hökümetinden ýurtdaky epidemilogik ýagdaý boýunça maglumatlary jemgyýetçilik bilen paýlaşmagy barada beýanat bilen çykyş etmezliginiň hem geň galdyryjydygy aýdylýar. Hasabatda türkmen hökümetine bu zyýanly beýanyny dowam etdirmegine ýol berilmeginiň muňa şäriklik bolandygy hem nygtalýar.
Pandemiýa döwri daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri watanyndaky COVID-19 bilen bagly hakyky maglumatlaryň ilat köpçüligine aýan edilmegini talap edip, şol sanda Birleşen Ştatlardaky BMG-niň we BSG-niň edaralarynyň öňünde hem protest çärelerini geçiripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.