Türkmenistandaky ITEA sizi kurslara we ussatlyk sapagyna (master klasa) çagyrýar

Türkmenistandaky ITEA sizi kurslara we ussatlyk sapagyna (master klasa) çagyrýar

IT-de özüni synap görmek we täze bilim almak isleýänler üçin ITEA-da kurslar gaty amatly.

IT gurşawy biziň häzirki döwrümiz. IT hünäri sebitimizde esasy talap edilýän hünär.

Esasy işiňize päsgel bermezden IT kurslaryny alyp bilersiňiz we geljekde azajyk tejribe toplap, hünäriňizi IT hünärmenine öwrüp, öýüňizden çykman erkin işleýän hünärmen bolup bilersiňiz.

IT akademiýasy iň gowy uçurymlara, okuwyň ahyrynda gyzyl diplom alanlara iş tapmaga kömek edýär, şeýle hem hyzmatdaşlaryna ýazmaça teklipler berýär.

Kurslara ýazylmaklyk üçin telefon belgi:

Şeýle hem, 27-nji awgustda Türkmenistandaky ITEA topary hemmeleri tejribeli dizaýner Azadyň grafiki dizaýn boýunça ussatlyk sapagyna (master klasyna) çagyrýar.

Ussatlyk sapagyna täze gelenler grafika we web dizaýner hünäri barada düşünje alyp bilerler.

Ussatlyk sapagy işleýänler üçin stereotiplerden dynmaga we hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi berer.

Grafiki dizaýn boýunça ussatlyk sapagynyň mowzugy dizaýn, mahabat, marketing ugurlaryny öwrenýänler üçin gyzykly bolup biler.

Ussatlyk sapagynyň başlanýan wagty: sagat 18:30-da.

Ussatlyk sapagynyň bahasy: 100 manat.

Ussatlyk sapagyna bellige alynmaklyk üçin telefon belgi: +99361378593.

Oturýan ýerler çäklidir.

Mundan öň Aşgabatdaky ITEA-nyň Açyk gapylar gününi we baýrakly ýaryş geçirýändigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ITEA IT akademiýasy grafiki we UI/UX dizaýnyna bagyşlanan mowuklaýyn agşama çagyrýar
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
Göreldeli çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar
Idea+ agentligi Belarusuň bäş abraýly uniwersitetine kabul edişligiň dowam edýändigini ýatladýar
Türkmenistanda güýç edaralaryna studentleriň arasynda işgär gözlenýär
Häkimiýetler jemgyýetçilik awtobuslarynda kameralary oturdyp, ilata gözegçiligini güýçlendirýär