Garaşsyzlyk ýyllarynda ozal şäher ýerlerinde ýerleşdirilen inçekesel hassahanalary gyrak-bujaklardaky oba ýerlerine geçirildi. Aşgabatdaky inçekesel hassahanasyny 160 kilometr uzaklykda ýerleşýän Duşaga geçirdiler, Ýolötende ýerleşýän hassahana bolsa, 60 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän Ymambaba obasyna geçirildi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, bejeriş desgalarynyň gyrk-bujakdaky ýerlere geçirilmegi olary azyk önümleri we derman-däri bilen üpjün etmek mümkinçiliklerini kynlaşdyrdy. Näsaglaryň we uzak ýol geçip, olaryň yzyndan gatnaýan garyndaşlarynyň hem bu hassahanalara baryp-gelmegi aňsat däl.
Näsaglar hassahanada berilýän azygyň ýetde-gütdeliginden şikaýat edýärler.Mysal üçin, Ymambabadaky inçekesel hassahanasynda näsaglara ertirlik nahary hökmünde çörek, mesge ýagy deregine bir bölek çöregi ýaglamaga ýetýän margarin, bir nahar çemçesi möçberinde şeker, bir bulgur süýt berýärler.
Günortanlyk naharyn kädi ýa-da kelem çorbasy, aş berilýär.Agşamlyk naharynda gaýnadylan kädi ýa-da gowrulan kelem, bir bulgur gaýmak berilýär.
Duşakdaky inçekesel hassahanasynda golaýda täze iki sany iki gatly korpus guruldy we şunuň bilen baglylykda näsaglaryň ýagdaýy biraz gowulaşdy. Emma bu ýerde hem. Ymambabadaky ýaly, näsaglara berilýän nahar öwerlik däl.
Ýene bir problema, medisina işgärleriniň hünär derejesi pes. Işini gowy başarýan lukmanlar oba ýerlerinde däl-de, şäherlerde işlänlerini gowy görýärler.
Çoganlydaky ýokanç keselleriň öňüni almak we ýokanç kesellileri bejermek merkezinde inçekesel bölümi bar, emma orunlaryň sany az bolansoň, Aşgabadyň ýaşaýjylary bu ýerde özlerini düýpden bejerdip bilmeýär diýen ýaly. Şu sebäpden adamlar öýlerinde bejergi almagy ileri tutýarlar, emma bu keselden doly saplanmak kepilligini bermeýär.