Türkmenistandaky guraklyk sebäpli, ýenede bir howdanda suw azalýar

Türkmenistandaky guraklyk sebäpli, ýenede bir howdanda suw azalýar

Ahal we Mary welaýatlarynyň serhedindäki “Howuzhan” howdanynda barha suw kemelýär diýip “Meteožurnal” ýazýar.

18-nji iýulda howdandaky suwuň üst meýdany 104 inedördül kilometre golaý boldy. Onuň taslamadaky üst meýdany 210 inedördül kilometre deňdi.

Suw howdanynyň häzirki döwürde guraýyşyny 2018-nji ýyldakysy bilen deňeşdiren neşir şu ýylyň tomsunyň ahyryna çenli howdandaky suwuň möçberiniň normadan üçden bir we ondanam az bolmagynyň ähtimaldygyny nygtaýar.

Geçen ýylyň ahyrlaryndan bäri Türkmenistanda gurakçylyk bar.

Bu bolsa, Murgap derýasynda suwuň azalmagyna we Saryýaz howdanynda suwuň juda kemelmegine getirdi.

Suw gytalmagy netijesinde, Aşgabadyň häkimiýetleri ony tygşytlamak üçin gijelerine suwy kesmäge başladylar.

Käte-käte gündizlerine hem suwy kesýärler.

Türkmenistandaky jokrama yssyda suwuň kesilmegi nejesinde ilat hupbatly günleri başdan geçirýändiklerini “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna aýdýarlar.The post Türkmenistandaky guraklyk sebäpli, ýenede bir howdanda suw azalýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bankomatlar ne kadaly işleýär, ne-de olarda pul tapdyrýar
Mary welaýatynda iri gurluşyk işleri başlanar
12.02.2018 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Murgapda suw az; gowaça ekişinden saklanmagy maslahat berýärler
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Mary welaýatynda suwdan peýdalanyjylaryň kiçi basseýn geňeşligi döredildi