Şu gün Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ir säherden aýdym-saza beslenen dabara dynç alşa ugradyljak çagalar we olaryň hossarlary, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Nesil gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, bu ýerde körpe nesilleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şirin owazlar, çagalar folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýakymly pursatlary döretdi. Ertekileriň meşhur gahrymanlarynyň hem bu dabara gatnaşyp, çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy körpe myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň giň howlusynda guralan sergi hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Ajaýyp dabaralardan soň, Gökderäniň aýdymyny dillerine sena edinen körpe nesiller bagtly çagalygyň mekanyna sary ýola rowana boldular. Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan gelen çagalar baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslarda tomusky başdan geçirmelere tarap ugradylar.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde medeniýetli, şadyýan dynç almaklary üçin Gökderede Nesil, Altyn sümmül, Altyn damja, Altyn ýyldyz, Nebitçi, Ýaşlyk, Demirýolçy, Çeşme ýaly onlarça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynda, kompýuter we dynç alyş otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda körpe nesiller wagtlaryny şadyýan geçirerler.
Belläp geçsek, şu gün Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisinde tomusky dynç alyş möwsümi badalga aldy. Gökderede hem-de welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleri dynç alýan ilkinji ýaş nesilleri kabul etdi.