Türkmenistandaky Aziýa oýunlary: sport we repressiýa

“Human Rights Watch” (HRW) halkara hukuk goraýjy guramasy we Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiiatiwasy topary” (AHTI) 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boçunça geçirilmegi planlaşdyrylýan V Aziýa oýunlary we Türkmenistanda dam hukuklarynyň hakyky ýagdaýy babatda bilelikdäki ýüzlenmesini çap etdi.

Türkmen häkimiýetleriniň Oýunlara çenli 100 gün galmagy mynasybetli dabaraly çäreleri gurnamagy aktiw wagyz etmegi bilen baglylykda, hukuk goraýjylar, eger-de Aziýanyň Olimpia geňeşi (AOG) Türkmenistany bu meseleleri çözmäge çagyrmasa, Türkmenistandaky elhenç adam hukuklary ýagdaýynyň halkara sport ýaryşlarynyň at-abraýyn kölege salmak howpuny ýatladýarlar.

Türkmenistanyň adam hukuklary meselesindäki pozisiýasy onuň Olimpia hereketine gatnaşyjy hökmündäki durumyna gabat gelmeýär diýip, ýüzlenmede aýdylýar.

“Türkmenistanyň hökümeti öz halky babatynda repressiýa syýasatyny ýöredýär diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýdýar. Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek babatdaky pozisiýasy Aziýanyň Olimpia geňeşiniň eýerýän Olimpia ýörelgeleriniň bozulmagy bolup durýar.”

Türkmen häkimiýetleri jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gazaply kontrollyk edýärler, ýurt garaşsyz synçylaryň baryp görmegi üçin ýapyk bolmagynda galýar. Türkmenistanda ýygnanyşmak azatlygy, pikir aýtmak azatlygy, dini azatlyk, şol sanda KHBS arkaly maglumat almak we ýaýratmak azatlygy hukuklary yzygiderli bozulýar.

Raýat jemgyýetiniň adam hukuklaryny goramaga çalyşýan az sanly aktiwistleri hemişelik ýagdaýda repressiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.Häkimiýetler aktiwistleriň, ýurdy terk etmäge mejbur bolan dissidentleriň we beýleki adamlaryň hereket azatlygyna çäklendirme girizmek praktikasyny ulanýarlar, olaryň daşary ýurt žurnalistleri, hukuk goraýjylar we garaşsyz synçylar bilen duşuşmagyny gadagan edýärler.

Onlarça adam türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim edilen hasplanylýar.Häkimiýetler degişli hukuk düzgünlerini berjaý etmezden adamlaryň jaýlaryny ellerinden alýarlar we ýykýarlar diýip, hukuk goraýjylar belleýär.

Human Rights Watch 2016-njy ýylyň dekabrynda we 2017-nji ýylyň fewralynda Aziýanyň Olimpia geňeşine Oýunlaryň öňüsyrasynda, AOG-nyň Olimpia hereketiniň agzasy hökümndäki borçlary bilen baglylykda, Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyny gowulaşrmaga çalyşmaga çagyrýan hat bilen ýüzlendi. Şol bir wagtda-da HRW bu Oýunlaryň dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinde geçirilmeginiň peýdalanyp boljak seýrek mümkinçilikdigini nygtady.

Gynançly ýeri, bu hatlar jogapsyz galdyryldy.

Oýunlar halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni Türkmenistana, häkimiýetleriň köp ýyllar bäri garaşsyz monitoring ýa-da daşary ýurt habar serişdelerine Türkmenistan hakynda maglumat bermek bilen meşgullanýan žurnalistleri ýanaýan ýa-da ýurtdan gitmäge mejbur edýän ýerine çeker diýip, “Human Rights Watch” we Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramalary belleýär.

Hususan-da gürrüň Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň “Azatlyk” radiosynyň habarçylary Saparmämmet Nepesgulyýew we Soltan Açylowa, şeýle-de raýat aktiwisti Gaspar Matalaýew hakynda barýar.

Olimpia hartiýasy Olimpia hereketiniň ähli ýurtlarda goldamaly metbugat azatlygyny we adam mertebesini öňe sürýär. Türkmenistanda metbugat azatlygy hukugynyň bozulmagy Olimpia hartiýasynyň düzgünlerine we ruhuna ters gelýär we Oýunlary beýan edýän žurnalistleriň professional işjeňligine negatiw täsir ýetirer diýip, hukuk goraýjylar nygtaýar.

Ýapyk binalarda geçiriljek Oýunlar Olimpia ýaryşy bolmasa-da, Aziýanyň Olimpia geňeşiniň düzgünnamasynda onuň Olimpia ýörelgelerine ygrarlydygy we Olimpa hereketini hem-de onuň sahawatly ideallaryny Aziýa kontinentiniň ýurtlarynda meşhurlaşdyrmaga çalyşýandygy aýdylýar.

“Türkmenistanyň hökümeti Oýunlara öz halkara abraýyny ýokarlandyrmagyň bir usuly hökmünde seredýär diýip, hökümetden aýry adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň direktory Farid Tuhbatullin aýdýar. Aziýanyň Olimpoia geňeşiniň Oýunlary geçirmek hukugynyň Olimpa ýörelgeleriniň berjaý edilmegini öz içine alýandygyna düşünmegi gerek”.

Adam hukuklaryny goraýan HRW AOG-niň adresine iberen hatlarynda, AOG-niň Olimpia ýörelgelerine ygrarlylygynyň keilligi hökmünde, Geňeşiň prezidentiniň türkmen häkimiýetlerini repressiw düzgüni gowşatmaga, hususan-da S.Nepesgulyýewi azat etmäge, häkimiýetleriň garaşsyz türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň, raýat jemgyýetiniň aktiwistleriniň azatlygyny, howpsuzlygyny, şol sanda olaryň beýan etmeli Aziýa oýunlarynyň geçän şertleindeki professional işlerine gatyşylmazlygyny üpjün etmegine çagyrmagyny sorady.

Şeýle-de, raýatlaryň özleri üçin maglumat almak mümkinçiliklerini giňeltmek nukdaý nazaryndan, ýaşaýjylaryň hemra antennalaryny ulanmaklaryna rugsat berilmegini; daşarky dünýäden üzňelikde saklanylýan tussaglaryň maşgala agzalaryna olaryň ykbaly we ýerleşýän ýerleri barada maglumat berilmegini, şeýle-de olar bilen görüşmäge, hat alyşmaga, azyk geçirmäge rugsat berilmegini gazanmak zerur.

“Aziýanyň Olimpia komitetiniň entek Türkmenistanyň hökümetiniň käbir gowulaşmalara gitmegini talap etmegine wagty bar diýip, R.Denber aýtdy. Bu talabyň edilip bilinmezligi häzirki soň gaýtalanmajak mümkinçiligiň elden giderilmegi bolar we türmen häkimiýetlerini mundan aňryk hem eden-etdiliklerini dowam etdirmäge ruhlandyrar.”

“Gündogaryň” belligi: Human Rights Watch (HRW) we Adam hukuklaryny goraýn “Türkmen inisiatiwasy” guramalarynyň bilelikdäki ýüzlenmesi gysgaldylyp çap edildi. Onuň iňlis dilindäki doly görnüşini şu ýerden tapyp bilersiňiz: https://www.hrw.org/news/2017/06/07/turkmenistan-hosting-asian-games-amid-widespread-repression

Ýene degişli makalalar

HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy
Diňle: Türkmenistan daşardaky raýatlaryny pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar - HRW
Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, C5+1 sammitine gatnaşýar
'Talyban' etniki türkmenleri öýlerinden zor bilen göçürmekde aýyplanýar
Gyrgyzystan we Täjigistan ýaragly çaknyşyklardan soň harbylaryny serhetden yza çekdi
HRW Gazagystany hökümet tankytçylarynyň barha köp nyşana alynmagy boýunça tankyt etdi