Türkmenistandaky Akpatlawuk dünýädäki uly patlawuklaryň biri

Türkmenistandaky Akpatlawuk  dünýädäki uly patlawuklaryň biri

Türkmenistanyň Günorta-Günbatarynda Günorta-Hazar çöketligi diýilýän ýerde dünýädäki iň işjeň we uly patlawuklaryň biri Akpatlawuk bar. Boýy segsen metr töweregi gyralary gädik-gädik depe gözelligi bilen özüne maýyl edýär. Baýra çykyp, töwerege nazar salsaň, güýçli läbik patlawugynyň döreden owadan gümmez kysmy depeleri göze ilýär. Şol gümmeziň merkezinde ini ýüz elli metre golaý gaz-läbikli, çeşmeli krater köli bar.

Magma hemişe gaýnap dursa-da, ol sowukdyr; muňa gaýnap duran patlawuga eli bilen barlap gören göz ýetirip biler. Türkmenistanyň şypahanalarynda derde dermän läbik ulanylýar.

Türkmenistanda işjeň patlawuklaryň 30-a golaýy bar. Olaryň sany ýerasty gatlaklaryň işjeňligine görä üýtgeýär. Patlawuklaryň köpüsi dünýä derejesindäki tebigy geoligiýa ýadygärligidir. Olar diňe bir Ýeriň jümmüşindäki bolup geçýän geologiýa ýagdaýlar barada habar bermän, eýsem nebitiň we gazyň ýataklaryny hem görkezýärler.

Patlawuklaryň gazlary esasan metandyr. Az derjede azot we inert gazlar, şeýle hem şor suwlarynda ýod, brom we beýleki elementler bar.

Geologýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, türkmen tebigatynyň gözelligini wagyz ediji Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin belli türkmen Hazarýaka patlawuklaryny sananda, Akpatlawukdan başga-da, günbatar Türkmenistanda iň uly Çelekendäki Alakel, gadymy Barsagelmez, Goturdepe, Gamyşlyja we Gögerendag hem-de magmaly, ozboluşly ýeke-täk Gökpatlawuk ýaly ýerleri agzaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär
Nebit we gaz alnyşynyň artmagy: 3D-seýsmik gözlegler we önümli täze gatlaklar
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy
Esengulyda $1 mln baýragyň toýy tutuldy, işsizler - işsiz, suwsuzlar -teşnelikde galýar
Esenguly ýurdumyzyň iň gowy etraby
05.02.2019 | Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna baýrak gowşuryldy