Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada nobatdaky hasabatyny taýýarlady (hasabatda 2017-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlaryndaky esasy wakalara syn edilýär).

Mundan öňki synda eýýäm habar berşimiz ýaly, sentýabr aýynda Türkmenistanda ýurduň tutuş taryhyndaky iň uly sport ýaryşlary Aziada 2017 geçirildi. Hukuk goraýjylaryň hasabatlarynda Aziada taýýarlygyň ýurtdaky repressiw režimiň güýçlendirilmegine getirendigi ençeme gezek bellenildi; döwlet senzurasy güýçlendi, hökümetiň resmi syýasaty bilen razylaşmazlygyň islendik görnüşi gazaply basylyp ýatyrylýar.

Aziadanyň öňüsyrasynda ýolagçylara gözegçilik etmek boýunça goşmaça çäreler girizildi we bu ýagdaý öz mazmuny boýunça hakykatda häkimiýetleriň nobatdaky eden-etdilikli hereketlerine alyp geldi. “Azatlyk” radiosynyň 14-nji sentýabrda habar bermegine görä, Aşgabada gelýän ýolagçylaryň mobil telefonlaryndaky şahsy maglumatlary barlanyldy.

Türkmenistan ýapyk ýurt we oňa girmek üçin wiza almak örän çylşyrymly.Aziada bilen baglylykda ýagdaý birneme üýtgedi we ýurda müňlerçe daşary ýurtly myhman we žurnalist gelip bildi.

Emma muňa garamazdan, Aziada akkreditasiýany diňe “ynanylan”, ýagny resmi Türkmenistanyň wepalylygyna şübhe bildirmedik žurnalistleri alyp bildiler.Emma şol akkreditasiýa berlen žurnalistler hem çäklendirildiler.Aýdaly, Germeniýanyň jemgyýetýçilik-hukuk telewideniýesiniň (ARD) birinji kanalynyň žurnalistleri özleriniň Aziada gatnaşyşlary barada film taýýarlap, “akkreditasiýanyň iki görnüşli ýaryşlaryň özüni görkezmäge hukukly we hukuksyz bolýandygny” gürrüň berdiler.

WRD Aziýanyň Olimpiýa Geňeşinden (AOG) öňünden “turniriň gurnalyşy, çäreleriň özi, hemaýatkärler we anyk bir adam hakynda tankydy bellikli reportaž taýýarlamazlyk barada öz üstlerine borçnama almak bilen” ylalaşyk baglaşdy.

Şeýle-de, daşary ýurt žurnalistleri ýurtda erkin hereket edip, Türkmenistanyň ýaşaýjylary bilen azat-erkin görşüp, gürleşip bilmezliklerinden, sebäbi her bir žurnaliste iki sany ýolbelediň berkidilmeginden şikaýat etdiler. Ol ýolbeletler özleriniň günde üç gezek Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrligindäki kuratorlaryna hasabat bermelidiklerini gizläp hem durmandyrlar.

Gynansak-da, Aziada geçirilip gutarandan soň hem türkmen häkimiýetleriniň doly kontrol etmek ýagdaýy we bikanun hereketleri soňlanmady.Oktýabryň başyndan AHTI-niň redaksiýasyna Türkmenistanyň bir ýaşaýjysy (anonim) ýüzlendi, ol Aşgabat şäherindäki aeroportda Türkiýeden gelýän ýaş adamalryň saklanyp başlanandygy (habarda dört mysal barada gürrüň berilýär) baradaky maglumatyň ýaýradylmagyny haýyş etdi.

Saklananlaryň birinden 12 sagat sorag etdiler we şondan soň ony hamala Türkiýäniň territoriýasynda bolmak düzgünini bozandygy üçin 7 gije-gündiz sakladylar diýip, habarda aýdylýar.

Pikir aýtmak azatlygy.

Döwlet senzurasy we internet eleýetrliliginiň çäklendirilmegi.

Ýurtda internet elýeterliligi ozalkylary ýaly çäklendirilen. Mundanam başga, garaşsyz ekspertleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistan öý internetleriniň iň gymmat bäş ýurdunyň hataryna girdi, bu ýurtda çäksiz tarif üin abuna tölegi aýda ortaça $171 serşdäw durýar.

Hemra antennalarynyň bikanun sökülmegi.

Aşgabatda Aziada tamamlanan badyna hemra antennalaryny sökmek işleri täzeden başlandy. Şäher ýaşaýjylaryň sport festiwalynyň myhmanlary üçin “görelde çykyşlary” soňlanandan soň ýaşamak biraz ýeňlär öýdüp eden tamalary çykmady. Şäherde KamAZlara ýüklenen göteriji kranly işçiler brigadasy şäher içinde hars urýar, olar sökmäge degişli “artykmaç” enjamlary we beýleki zatlary gözleýärler.

Söküş işleri duýduryşsyz amala aşyrylýar. Jaý eýeleriniň öýlerinde bolmazlygy päsgelçilik bolup bilmeýär, şu sebäpden köpler öz hemra antennalarynyň sökülendigini diňe işçiler brigadasy işini bitirip gideninden soň bilip galýar.

Hökümeti tankytlaýan adamlaryň ýanalmagy

Halida Izbastinowa bosgunlykda ýaşýan hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň ejesi.

2017-nji ýylyň 28-nji oktýabryndan 29-yna geçilýän gije näbelli adamlar Daşoguz şäherinde ýaşaýan 76 ýaşly Halida Izbastinowanyň kwartirasyny daşladylar.Netijede äpişge aýnalarynyň birnäçesi döwüldi.

Gowy ýeri, kwartirada ýeke özi ýaşýan gartaşan aýal beden ýarasyny almady, emma bu hadysa ony gorkyzdy we şu sebäpden gyssagly medisina kömegini çagyrmaly boldy.Mundanam başga, wakanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri hem geldi we ejir çekendçen sorag edildi.

Polisiýa derňewe başlady, emma hasabatyň çap edilen pursatyna çenli hiç bir netijeli habar alynmady.Izbastinowa bilen telefon aragatnaşygy şenbe güni, 28-nji oktýabrda kesildi we birnäçe günläp bolmady.

Galina Wertýakowa.

Aktiwist zenan Galina Wertýakowa sosial ulgamlardaky tankydyd pikirleri üçin edilýän basyşlar gaýtadan başlandy.

TRHA-nyň maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda onuň öýüne milli howpsuzlyk organlarynyň dört işgäri gelýär we aktiwiste “galp” maglumatlary ýaýratmak aýyplamasyny bildirýär. Şeýle-de gelenler Wertýakowa haýabat atýarlar.

Olaryň biri “seni öldürmekleri üçin biziň iki barmagymyzy şyrkyldatmagymyz ýeterlik” diýýär.Wertýakowany eýýäm 2016-njy ýylyň oktýabrynda tussag edipdiler. Şonda, uzaga çekmedik sud seljerişliginden soň ony, hamala öý upwrawleniýesiniň wekilinden kezzaplyk bilen pul alanlygy üçin, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Hakykatda bolsa ony sosial ulgamlardaky tankydy pikirleri, şol sanda hökümetiň Aşgabatdaky köp gatly jaýlaryň äpişge aýnalaryny olaryň jaýlarynyň “binagärlik keşbini” gowulandyrmak maksady bilen garaltmak baradaky buýrugyny tankytlandygy üçin üçin jezalandyrdylar. 2016 -njy ýylyň dekabrynda Wertýakowanyň günäsi geçildi we ol azatlyga çykdy, emma aktiwist henize-bu güne çenli hem ýurduň howpsuzlyk organlarynyň gözegçiligi astynbda saklanylýar.

Galina Kuçernko.

Jandarlaryň hukuklaryny goraýan we sosial ulgamlarda Aşgabatda eýesiz itleri we pişikleri öldürýänlere garşy gazaply protest bildiren zenan hemişelik gözegçilik astynda saklanýar.Onuň öýüniň ýanynda aktiwistiň ähli hereketlerini yzarlaýan maşyn nobatçylyk çekýär.

Onuň internete baglanmagynyň we mobil telefon aragatnaşygynyň öňi baglanýar.Kuçerenko sosial ulgamlarda özlerini dowam edýän režimiň tarapdarlary edip görkezýän ulanyjylar tarapyndan birnäçe gezek hüjüme sezewar boldy.Kuçerenka birnäçe gezek haýbat hem atyldy.

Nataliýa Şabunts.

Raýat jemgyýetiniň pikirini açyk aýdýan we AHTI bilen açyk hyzmatdaşlyk edip, häkimiýetler baradaky tankydy makalalaryny öz ady bilen çap edýän wekili Nataliýa Şabunts soňky aýlarda hemişelik gözegçilik astynda saklanýar.

Onuň intermnete baglanyşygy kesilen, Şabunts 2017-nji ýylyň awgustynda aýallar toparynyň hüjüme sezewar boldy, olar onuň adresine jynsparazlykly we masgaralaýjy sözleri aýdyp gygyrdylar we aktiwistiň Türkmenistany terk etmegini talap etdiler.

Soltan Açylowa.

“Azatlyk” radiosynyň žurnalisti Soltan Açylowa edilen hüjüm barasynda mundan öňki hasabatlarda hem habar berildi.

Soltan Açylowa 2017-nji ýylyň oktýabrynda France 24 telekanalynyň žurnalistleri bilen wideo-söhbetdeşlikde öz öýüniň golaýynda hemişe 4-5 adamyň açyk gözegçilik bilen meşgullanýandygyny gürrüň berdi.Açylowanyň sözlerine görä, onuň maşgala agzalary hem ýanamalara sezewar edilýär. 2017-nji ýylyň aprelinde näbelli adamlar onuň oglunyň öýleriniň ýanynda goýlan maşynynyň aýnasyny döwdüler (Açylowanyň goňşulary bu wakany wideoýazmagy etişdiler). “Meniň oglum birinji topar inwalid, ol maşynsyz hiç ýere gidip bilmeýär we indi öýde otyr” diýip, Soltan gürrüň berýär.

Açylowa Aziada geçirilýän wagytynda ýurdy terk etdi.

Birleşmek we ýygnaklar azatlygy.

Birleşmek azatlygy.

Dini habarlary çap edýän garaşsyz “Forum 18“ guramasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda bar bolan dini jemgyýetleriň gaýtadan hasaba alynmagyny talap edýän “Din azatlygy hakyndaky” kanun güýje gireninden soňky bir ýarym ýyl wagt içinde diňe iki sany protestan guramasyny täzeden hasaba aldyrmak başartdy.

Forum 18“ täze kanunyň ýurduň territoriýasyndaky dini guramalaryň işlemegine mümkinçilik bermezlige, hakykatda olary ýapmaga gönükdirilendigini tassyklaýar. 2017-nji ýylyň martynda resmi Türkmenistan BMG-nyň adam hukuklary baradaky komitetine maglumat berdi, ol maglumata laýyklykda bu kanun güýje girýänçä ýurtda resmi taýdan hasaba alnan 131 sany dini gurama işleýän eken.

Emma Türkmenistanyň ýörite gulluklary hem hasaba alnan, hem hasaba alynmadyk dini guramalary yzarlaýarlar (“gözegçilik astynda saklaýarlar”).

Forum 18” neşiriniň maglumatyna görä, ähli dinleriň we dini ugurlaryň wekilleri ýanamalara sezewar bolýar, dindarlaryň çagalaryny mekdeplerde mugallymlar kemsidýärler, dindarlary işden çykarýarlar we ş.m.

Protest aksiýalary

Türkmenistanda ykdysady krisiz çuňlaşýar we 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda, Ýaşulular maslahatynda çykyş edip, prezident elektrik togunyň, gazyň, suwuň we duzuň tölegli edilýändigini aýtdy. Ýöne döwlet baştutany bu çäräni ýurtda resmi derejede diňe dymylman, eýsem aktiw ret edilýän çylşyrymly ykdysady ýagdaý bilen däl-de, eýsem ýaşulularyň islegi bilen baglanyşdyrdy.

Aýdaly, prezident şol mejlisde hiç bir san aýtman, Türkmenistan ortaça ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ösüşi boýunça ýokary girdejili döwletleriň görkezijileriniň deňine çykdy diýdi.Hakykatda ýurtda hakyky durmuş derejesi düýpli aşak gaçdy we bu ýagdaý, şeýle aksiýalara gatnaşanlaryň ýanamalara we gorkuzmalara sezewar edilýändigine garamazdan, özakymlaýyn dörän protest aksiýalaryna alyp geldi.

Çagalar baglarynyň bahalarynyň ýokarlandyrylandygy üçin protest aksiýalary

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň oktýabrynda çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň tölegini 10 esse gymmatlatdylar (aýda 8 manat bolanlygyndan 80 manat etdiler). Üç we ondan kän çagaly maşgalalar üçin her çaga 40 manat, ýeke ýaşaýan eneler üçin 10 manat töleg bellenildi. Şeýle bahalaryň köp çagaly maşgalalar üçin kabul ederlik däldigi doly düşnükli.

Gazaba çykan ene-atalar ýokardaky guramalara arza ýazmaga başladylar we Daşoguz welaýatynyň şäher we etrap häkimlikleriniň işiginde proteste toplandylar.

Daşoguzdaky protest aksiýasy we “proteste çagyryş” üçin tussag etmek

“Azatlyk” radiosynyň habar bermegine görä, 10-njy oktýabrda protestçiler topary welaýat bilim müdiriýetiniň binasynyň ýanynda toplanýar, emma olara şäher häkimligine şikaýat etmelidigini aýdýarlar.

Protestçiler şäher häkimligine tarap ugraýarlar, emma binanyň öňündäki meýdançada olaryň daşyny pitnä garşy polisiýanyň otrýady gabaýar.Aksiýa gatnaşyjylar bilen gürleşmek üçin Daşoguz şäheriniň häkiminiň orunbasary we bilim boýunça orunbasary çykýar, emma olar protestçilere oňyn ynandyrmalary berip, olary köşeşdirip bilmeýärler. “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, protestçilere şäher adminstrasiýasyna şikaýat etmegi maslahat beren işgäriň garşysyna jenaýat işi açyldy.

Ony “halky döwlete garşy proteste çagyrmakda we prezidentiň halkyň abadançylygyny gowulandyrmak üçin edýän aladalaryna garşy bolmakda” aýyplaýarlar.Tussag edileniň adyny bilmek başartmady.Onuň 50 ýaşlaryndaky raýatdygy belli. “Azatlygyň” žurnalistleri bu waka bilen baglylykda tussag edileniň aýalynyň we oglunyň hem işden kowlandygyny (aýaly çagalar bagynda, olgly bolsa mekdepde hojalyk müdiri bolup işleýän eken) habar berýärler.

Bellemli ýeri, döwlet tarapyndan bellenen aklawçy resminiň nämede aýyplanýandygyny bileninden soň, ony goramakdan boýun gaçyrypdyr.Tussagyň maşgala agzalary hususy aklawçy tutmaly bolpdyr.Material çap edilýän pursatyna çenli aklawçy tussag edilen bilen duşuşyp bilmedi.

Boldumsaz etrabyndaky protest aksiýasy we ýumruklaşma

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky protest aksiýasy ýumruklaşma bilen tamamlandy.

Çagalar baglaryndaky tölegleriň ýokarlandyrylmagy netijesinde onlarça adam etrap häkimliklerine düşündiriş sorap ýüz tutdy.Emeldarlar bu çäräniň çagalar baglarynda ulanylýan gazyň, elektrigiň we suwuň tölegli edilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Deslapky çözgüt hökmünde, resmiler “töleg etmäge ukyply” ene-atalaryň sanawyny düzmegi we şonuň esasynda (bahalaryň gymmatlandygy yglan edeileninden soň ýapylan) çagalar baglarynyň birnäçesini açmagy teklip etdiler.Bu teklip “töleg etmäge ukypsyz” ene-atalary gazaba çykardy we bu dawa ýumruklaşma baryp ýetdi.

“Ýazmaça” şikaýatyň gadaganlygy

Çagalar baglarynyň tölegleriniň gymmatladylandygy sebäpli olara gatnaýan çagalaryň sany üzül-kesil azaldy we bu ýagdaý öz gezeginde mekdebe çenli çagalary edaralaryndaky iş orunlarynyň kemeldilmegine, olaryň käbiriniň ýapylmagyna getirip biler.

Netijede, bu edarlaryň işgärleri ýagdaýa düşünip, ene-atalara ýerli häkimliklere we Bilim ministrligine şikaýat etmegi maslahat bermäge başladylar.AHTI-niň maglumatyna görä, birnäçe günüň dowamynda welaýat boýunça ýazylan arza-şikaýatlaryň sany 25 müňden geçdi.

Nägileligiň beýle giň derejede ýaýbaňlanmagy ýerli çinowniklerde özboluşly reaksiýa döretdi. 17-nji oktýabrda tutuş welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri we hojalyk bölümleriniň başlyklary Daşoguz şäherindäki bilim müdirligine çagyryldy.

Daşoguzdaky bilim bölüminiň başlygy Jumanazarow ýygnakda çykyş edip, çagalar baglarynyň işgärleriniň ene-atalary ýokary guramalara arza ýazmaklyga çagyrmaklarynyň bes edilmegini talap etdi.

Pagta ýygýanlaryň protest aksiýasy.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, Lebap welaýatynyň kärendeçileri öz ýygan we döwlete tabşyran pagtalarynyň hakynyň tölenmändigine protest bildirip, iş taşlaýyş yglan etdiler.

Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan hojalygynda ýerli kärendeçilere döwlete tabşyran pagtalarynyň pullary tölenmedi.Mundanam başga, kärendeçileriň pagta ýygymyna kömekleşmäge sürlen býujet işgärleriniň işiniň hakyny tölemegini talap etdiler.

Raýdaşlyk obasynyň kärendeçileri 12-nji oktýabrda Lebap daýhan hojalygynyň başlygyna öz nägileliklerini bildirdiler.Başlyk bolsa, öz gezeginde, olaryň ýygan we döwlete tabşyran pagtasyna töleg etmek üçin niýetlenen pullaryň Aziadanyň geçirilmegine harç edilendigini aýtdy. Şeýle-de ol kärendeçileriň pullarynyň biraz soňra tölenjekdigini wada berdi.

Kärendeçiler bu jogap bilen kanagatlanmadylar.Sebäbi, öz sözlerine görä, kömekçileriň hakyny tölemek üçin kärendeçiler karz alýarlar ýa mallaryny satmaga mejbur bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda olar iş taşlaýyş yglan edýändiklerini, öz pullary tölenýänçä işlemejekdiklerini aýtdylar.

Daýhan hojalygynyň başlygy bu beýanaty haýbat hökmünde kabul edip, kärendeçileriň üstüne gygyrmaga başlady we bu ýagdaý kärendeçileriň oňa ýumruk düwüp topulmaklaryna alyp geldi.

Diňe şowly tötänlik esasynda dawanyň öňüni almak başartdy. Materialyň çap edilen pursatynda, 2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda işe diňe kömekçileriň iş hakyny tölemek üçin goşmaça maliýe serişdesi bolan bölegi çykdy.

Raýatlaryň köpçülik çärelerine gatnaşmak üçin mobilizlenmegi.

Aziada.

Hukuk goraýjylaryň hasabatlarynda ilatyň köpçülik çärlerine zor bilen gatnaşdyrylmagynyň dowam etdirilmegine ençeme üns çekilendigine garamazdan, bu ýagdaý gowulyga tarap üýtgemeýär.Geçen döwürde köpçüluik çäreleriniň aglaba bölegi Aziadanyň geçirilmegi bilen bagly boldy.

Hemişe bolşy ýaly, bu çärerele býujet edaralarynyň işgärleri we studentler çekildi.Mundanam başga, aziadanyň köpçülik sahnalaryna gatnaşdyrmak üçin harby gulluga çagyrylan (sport eşiklerii geýdirilen) esgerleri hem çekdiler.Köpçülik çärelerine gatnaşmak üçin jemi 40 müňe golaý adam toplandy.

Adamlara diňe Aziadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşman, eýsem ýaryşlara tomaşaçy bolmaga gatnaşmalydygyny aýtdylar.Repetisiýalaryň öýlän sagat ikide başlanýandygyna we ýarygijä çenli dowam edýändigine garamazdan, adamlary ir sagat 8-de gelmäge mejbur etdiler.

Milim ministrligi eýýäm Azaidanyň geçirilýän mahalynda Aşgbadyň her bir mekdebiniň sport çärelerine tomaşaçy hökmünde goşmaça 120 okuwçy ibermegini talap etdi (gepiň gerdişine aýdylsa, Berdimuhamedowyň karary bilen Aziadanyň geçirilýän wagtynda mekdeplerdäki okuw ýatyryldy).

Aziadanyň ýapylyşy üçin geçirilýän repetisiýalar mahalynda öz wagtynda döwrebap medisina kömeginiň wagtynda berilmezligi sebäpli 21 ýaşyndaky bir student wepat boldy.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, 26-njy sentýabrda, Aziadanyň ýapylyşynyň baş repetisiýasy mahalynda 21 ýaşyndaky student ýogaldy. Ýaş ýigit tribunanyň güneş tarapyndaky tiomaşaçylaryň arasynda eken.Adamlar hatda hajathana gitmek üçin hem öz orunlaryndan başga hiç ýere gidip bilmändir.

Haçanda studentiň haly agyrlaşanda, ony wagtynda stadionyň territoriýasyndan çykarmagy başarmandyrlar. Çäräniň guramaçylaryna bu hadysa baradaky maglumaty hiç ýere ýaýratmazlyk barada görkezme berlipdir.

Şeýle-de, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, repetisiýalryň birinde oňa gatnaşyjylaryň arasynda basa-baslyk döräpdir we bu ýagdaý netijesinde onlarça adam ýaralanypdyr.

Bu hadysa adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli howpsuzlyk çäreleri boýunça okuw-türgenleşik geçirilen mahalynda bolupdyr. Stadionadan türgenleşik ewakuasiýasy mahalynda kimdir biri “bomba” diýip gygyrypdyr we bu söz türgenleşige gatnaşyjylaryň arasynda dowul, galagoplyk döredipdir.

Adamlar gyssaga düşüp, ylgapdyrlar. Netijede 10-2 golýa adam trawma alypdyr. 40 töweregi adamyň bolsa, hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Raýatlaryň resmi we baýramçylyk çärelerine, ýowarlara gatnaşmak üçin mobilizlenmegi.

Býujet edaraalrynyň işgärlerini we studentleri höpçülik sahnasy hökmünde dürli çärelere gatnaşdyrmak ählumumy häsiýete eýe boldy.

3-nji oktýabr

AHTI türkmen ÝOJ-larynyň studentleriniň we býujet işgärleriniň Wladimir Putinip Türkmenistana resmi saparynyň hormatyna, 2-nji oktýabrda Aşgabatdaky döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan konserte “tomaşaçy bolmaga” borçly edilendigini habar berdi.

7-nji oktýabr

Aşgabadyň eteginde, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda äper ak görnüşinde gurlan täze konsert zalynyň “Nowruz ýaýlasynyň ak öýiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu çärä gatnaşmak üçin studentler, býujet işgärleri we pensionerler çekildi. Açylyş tamam bolandan soň prezident ählihalk ýowarynyň başlanýandygyny yglan etdi we oňa 364 700 adam gatnaşdy.

26 — 27-nji oktýabr

Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýene-de studentler, býujet edaralarynyň işgärleri köpçülik sahnalary üçin çärelere gatnaşmaga çekildi.

AHTI-niň maglumatyna görä, köpçülik çärelerine gatnaşmak üçin seçilýän çagalardan “üç arka” garyndaşlary barada maglumat bermek talap edildi.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda graždan aktiwistlerine edilýän basyşy ýazgardylar
ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat
Haýwanlary goraýjy aktiwist Kuçerenko tussaglykdan boşadyldy
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi