Türkmenistanda žurnalist Sapamämmet Nepesgulyýewe hüjüm edildi

19-njy oktýabr güni irden Balknabat şäherinde (ozalky Nebitdag) näbelli adam žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewi daşlady. Bu barada TAH (Türkmenistanyň alternatiw habarlary) saýty habar berýär.

Habar berilmegine görä, nepesgulyýew şu ýylyň maýynda türmeden boşadylaly bäri gije-gündiziň dowamynda gözegçilik astynda saklanylýar. “Onuň şäher kwartallarynyň birindäki jaýynyň golaýynda hemişe raýat eşigindäki adamlar nobatçylyk çekýärler” diýip, neşir ýazýar.

habartm.org-yň suraty

TAH-yň maglumatyna görä, anna güni dükana ugran Saparmmmediň yzyna raýat eşigindäki iki adam düşýär. Gapdalda, AN4653BN nomerli Tayota awtoulagynda bolsa, üçünji adam nobatçylyk çekýär.

Žurnalist yzarlanýanyny bilip, kamerany işledýär we birden yzyna öwrülip, yzyna düşýänlere tarap ýönelýär.

Olaryň biri gaçýar, ikinjisi Saparmämmedi daşlamaga başlaýar, emma urup bilmeýär.

habartm.org-y[ suratyHüjümden bir gün öň žurnalistiň sim-karty petiklendi we ol internet elýeterliliginden mahrum boldy.

“Nepesgulyýew sosial ulgamlarda aktiw çykyş edýär we Türkmenistandaky ol ýa beýleki wakalar barada öz pozisiýasyny aýdýar. Häzir ol rus pasportyny resmileşdirmek bilen meşgul, golaýda onuň RF raýatlygynyň bardygyny tessyk etdiler” diýip, TAH habar berýär.

Ýatladýarys,”Azatlyk” radiosy we TAH neşiri bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew üç ýyl türme möhletini tamamlap, şu ýylyň maýynda azatlyga çykdy.

Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň iýulynda tussag edildi. Oňa Türkmenistanda gadagan edilen medisina preparatyny tramadoly saklamakda aýyp bildirip, ýapyk sudda 3 ýyl türme tussaglygy hökümini çykardylar.

Ol Türkmenistan barada taýýarlan tapgyrlaýyn tankydy foto we wideoreportažlary çap edilenden soň tussag edildi.

Halkara hukuk guramalary, şeýle-de ÝHHG ýurduň häkimiýetlerini tussag edilen žurnalisti derhal azat etmäge çagyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew Türkmenistany terk etdi
Žurnalist S.Nepesgulyýew sag-aman Türkmenistany terk etdi
Žurnalist Nepesgulyýew hemişe gözegçilikde saklanylýar
Azatlygyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga çykdy
Saparmämmet Nepesgulyýew azatlyga goýberildi
CPJ: Nurgeldi Halykow metbugatda özi barada çykýan her bir maglumat üçin ýeke adamlyk kamera salynýar