Türkmenistanda žurnalist Aşyrguly Baýryýew aradan çykdy

21-nji dekabrda Aşgabatda žurnalist Aşyrguly Baýryýew aradan çykdy. Ol uzak wagtlap “Azatlyk” radiosynyň ştatdan daşary habarcysy bolup işledi. Baýryýew 2010-njy ýylyň iýunynda Deýwid Burke adyndaky Halkara žurnalistika baýragyna mynasyp boldy.

Aşyrguly Baýryýew şahyr, kyssaçy, žurnalist.

Ol 1951-nji ýylda Gyzylarbat raýonynyň Şarlawuk obasynda doguldy.

Baýryýew Nebitdag telewideniýesinde, Krasnowodsk oblastynyň “Zähmet baýdagy” gazetinde, SSKP-niň Krasnowodsk oblast komitetinde işledi.

80-nji ýyllaryň ahyynda TKP MK-nyň Ideologiýa komissiýasynyň instruktory (ozal agitasiýa we propaganda bölümi) boldy.

Baýryýew 1990-njy ýylyň oktiýabryndan “Edebiýat we sungat” gazýetiniň baş redaktory wezipesini eýeledi.

TSSR DHK-synyň gizlin repressiw operasiýalary hakynda ýazylan “Tamda gulak bar” atly makalanyň awtory.

Ol “Demokratik reformalar hereketiniň” (N.Ýakowlew-E.Şewardnadze) türkmen toparynyň inisiatorlarynyň biri.

Onuň soňky iş ýeri “Diýar” žurnaly bolupdy.

Aşyrguly Baýryýew 1996-njy ýylda hünäri boýunça işlemek mümkinçiliginden mahrum edildi.

Ýene degişli makalalar

“Hojasy bar, belki, guluna degmez”: Häkimiýetler “üç arka” talaplaryny täze derejelere çykarýar
Hytaýyň wise-premýeri ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Oktýabrda Türkmenistana Belawiýanyň howa gatnawlary dikeldiler, döwrebap mebelleri taýýarlamagyň wezipeleri, rus bardynyň Daşoguzdaky mekdep ýyllary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen türgenleri Berlinde 13 medal gazandy