Türkmenistanda Ýylyň mugallymy - 2021 bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanda Ýylyň mugallymy - 2021 bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanda Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän Ýylyň mugallymy — 2021 bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara 14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berlişi ýaly, iň gowy pedogog adyny almak ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 25 sany mugallym bäsleşdi. Şolardan 7 sany ýeňiji saýlandy.

Baş baýrak — Gran-pri: Gurbangül Myradowa, uly mugallym (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty);

Birinji orun: Oguljan Atdaýewa, uly mugallym (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty);

Ikinji orun: Jumadurdy Annaorazow, uly mugallym, taryh ylymlarynyň kandidaty (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Orazgylyç Orazgylyjow, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti);

Üçünji orun: Nurmuhammet Muhammedow, mugallym (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), Ejegül Berdiýewa, uly mugallym, himiýa ylymlarynyň kandidaty (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty).

Ýeňijilere degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ýylyň mugallymy - 2021 bäsleşiginiň jemi jemlendi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY