Türkmenistanda Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän Ýylyň mugallymy — 2021 bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara 14-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.
Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berlişi ýaly, iň gowy pedogog adyny almak ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 25 sany mugallym bäsleşdi. Şolardan 7 sany ýeňiji saýlandy.Baş baýrak — Gran-pri: Gurbangül Myradowa, uly mugallym (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty); Birinji orun: Oguljan Atdaýewa, uly mugallym (Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty); Ikinji orun: Jumadurdy Annaorazow, uly mugallym, taryh ylymlarynyň kandidaty (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti), Orazgylyç Orazgylyjow, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti); Üçünji orun: Nurmuhammet Muhammedow, mugallym (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty), Ejegül Berdiýewa, uly mugallym, himiýa ylymlarynyň kandidaty (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Çynar Hojamuhammedowa (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty). Ýeňijilere degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.