Türkmenistanda ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi bar

Türkmenistanda ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiligi bar

Türkmenistanyň ýylda 4000 megawattdan gowrak elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçiligi bar. Şol mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek maksady bilen, sebitde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýaly birnäçe iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň energetike ministri A.Saparowyň sözlerine salgylanyp, nCa portaly habar berdi.

Bu maksada ýetmek üçin ýurtda energetika infrastrukturasy işjeň ösdürilýär. Täze elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar we podstansiýalar guruldy. Energiýa enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek merkezi döredildi. Ýurduň ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi hem bu ugurda möhüm ädim bolar diýip, ministr A.Saparow CIET 2024 halkara forumynda eden çykyşynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 11 elektrik stansiýasy işleýär hem-de Balkan welaýatynda ýene bir kuwwatly elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär.

Olaryň umumy kuwwaty diňe bir içerki sarp edişi (3000 megawat töweregi) doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ep-esli mukdarda elektrik energiýasyny eksport etmäge hem şert döredýär diýip, ministr nygtady.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň uzak möhletleýin şertnamalar esasynda goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek üçin eýýäm birnäçe taslamany durmuşa geçirýändigini bellenildi. Olaryň arasyndaky iň möhüm taslamalardan biri, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy bolup, ol Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna türkmen elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle-de Gyýanly obasynda, takmynan, 1600 megawatt kuwwata eýe utgaşykly görnüşde işleýän elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu elektrik stansiýasy Hazaryň üsti bilen Kawkaz ýurtlaryna, Türkiýä we Ýewropa elektrik energiýasy eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açar diýlip, ministriň çykyşyda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?
Arkadag şäheri — täze eýýamyň beýik eseri
Ýewropaly alymlar gadymy Marguşyň syrlaryny öwrenmegi dowam ederler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi