Türkmenistanda ýol gurluşygynyň depgini ýokarlanýar

“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň ýol gurluşyk müdirlikleri Türkmenbaşy -- Farap ýoluna asfalt düşemek we päsgelçilik germewlerini oturtmak işlerini alyp barýarlar.Arçmandan Türkmenbaşa we Aşgabatdan Mara çenli ýoluň hem käbir uçastoklarynda asfalt düşeginiň ýokarky gaty ýazylýar. Ýoluň Mary Türkmenabat -- Farap aralygynda ulaglaryň geçýän böleginiň köpgatly konstruksiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Aşgabat -- Türkmenbaşy, Aşgabat -- Türkmenabat we Aşgabat -- Daşoguz ýollarynyň käbir uçastoklarynda awtoulag serişdeleriniň hereketi ýola goýuldy.

Indiki ýyl ýol gurujylar uzynlygy 1676 kilometrlik ýoluň gurluşygynda uly möçberli maýa goýumlaryny özleşdirerler.Tutuş ýurduň içinden geçip, sebitleri birleşdirýän ýollaryň möhüm ähmiýeti bardyr.Olar esasy sypatlary boýunça dünýä ölçeglerine laýyk gelýän esasy bölüji zolakly uzaboýuna köpzolakly ýollardyr.

Hususan-da, Türkmenbaşy -- Farap we Aşgabat -- Daşoguz ýollary awtoulaglaryň ikitaraplaýyn hereketini üpjün edýär, her tarapa ini 12,5 metr üç hatar zolakly, bölüji zolakly, demir päsgelçilik germewli ýollardyr.Iň täze tehnologiýalar we serişdelr ulanylan köpgatlakly ýol uzak wagtlaýyn ulanmaga niýetlenedir.

“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň tabşyrygy bilen ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýüzden gowrak köpri, şol sanda Amyderýanyň üstünden Atamyrat -- Kerkiçi (1415 metr) we Türkmenabat -- Farap (1600 metr) köprüler guruldy. Mundan başga-da, Türkmenbaşy şäheriniň aeroportundan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna çenli ýol, şeýle hem şypahananyň içindäki ýollar guruldy.

Häzirki wagtda Aşgabat -- Türkmenbaşy ýolunyň 564-nji kilometrinde uzynlygy 60 metrlik awtomobil köprüsi gurulýar. “Türkmenawtoýollary” DK-nyň taslama institutynyň hünärmenleri Garabogaz aýlagynyň üstünden uzynlygy 354 metr we ini 17 metr ýene bir awtoulag köprüsiniň taslamasyny işläp taýýarladylar, ol Türkmenbaşy Garabogaz Gazagystanyň serhedi ýolunda ulaglaryň dört zolakly (her tarapa iki zolakly) hereketini üpjün eder.

Täze ýol Aşgabat Türkmenbaşy ýolunyň dowamy bolar, bu bolsa ulag akymyny we iki goňşy ýurduň arasynda haryt dolanşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenbaşy Farap, Aşgabat Daşoguz, Türkmenbaşy Garabogaz Gazagystan ýollaryndan başga-da sebit ähmiýetli Türkmenabat Daşoguz we Mary Serhetabat ýollary gurulýar.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň we köprüleriň gurulmagy ýurduň ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyrmak jähtinden wajypdyr.Aşgabat Türkmenbaşy we Aşgabat Türkmenabat awtobanlary ýokary talaplara laýyk geler, olar halkara üstaşyr-ulag düzümini giňelder, goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanşygyny, harytlaryň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýokary tizlikde ýörelýän ýollar goňşy ýurtlara çalt çykmaga, olaryň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine çenli köp ugurly ulag ýollaryna çykmaga mümkinçilik berer. Özü-de Aşgabat Türkmenbaşy awtobany Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen baglanar. Şeýlelikde, Türkmenistanda harytlaryň we ýükleriň daşalmagyny amatlaşdyrýan täze ýol peýda bolar.

Ýene degişli makalalar

Şu dört mesele çözülmese, Türkmenistanda maýa goýum gurşawy gowulanmaz ýerli hünärmen
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Türkmenistanda tomus möwsümi üçin şypahanalara awtobus we täze içerki howa gatnawlary ýola goýuldy
Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Türkmenistan Amyderýanyň üstünden gurlan 122 ýyllyk taryhy demir köprini ýykmakçy bolýar
Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda Özbegistana hemişelik göçýän maşgalalar köpelýär