Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Galkan töleg ykjam goşundysyny işe girizdi, ol häzir Google Play, şeýle hem App Store goşundylarynda elýeterlidir. Goşundy ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri amatly onlaýn görnüşde tölemek maksady bilen işlenilip düzüldi. Ulanyjylar öz ykjam telefonlarynyň üsti bilen SMS-kody ýazyp, tassyklamak arkaly aňsatlyk bilen hasaba alnyp bilerler.
Ýakyn wagtlarda bu goşundynyň ýerine ýetirýän wezipeleri ep-esli giňeldiler we ol şulary öz içine alar:
• Polisiýa jerimelerini onlaýn tölemek; • Pasport bölüminde elektron nobata durmak; • Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hyzmatlaryna elýeterlilik; Ýol gözegçilik gullugy bölüminde şu mümkinçilikleri goşmak meýilleşdirilýär: • Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak; • Awtoulaglaryň tehniki pasportyny çalyşmak; • Döwlet belgilerini bellige almak we dikeltmek Goşundynyň iki platformada-da işe girizilmegi Türkmenistandaky ähli ykjam telefonlaryň eýeleri üçin döwlet hyzmatlaryny has elýeterli etdi we ol raýatlaryň döwlet edaralary bilen aragatnaşygyny ep-esli ýeňilleşdirdi.