Türkmenistanda ýokary harby okuw mekdeplerini gutaranlar hormatlandy

Türkmenistanda ýokary harby okuw mekdeplerini gutaranlar hormatlandy

Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Bu barada Milligosun resmi saýtynda habar berdi.

Harby uçurymlaryň gutardyş dabaralary mynasybetli harby uçurymlar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine şeýle hem Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdular.

Dabarada harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli ýokary okuw mekdebini tamamlaýan harby uçurymlara ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watana, halka we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.

Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň görkezme çykyşlarynda we teatrlaryň artistleriniň edebi kompozisiýalarynda türkmen halkynyň milli gahrymanlarynyň keşpleriniň döredilmegi bu ýerde guralan çykyşlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Balkan welaýatynda geçirilen dabarada harby uçurymlar ilkinji serkerdelik harby adyna mynasyp bolup, ýurt parahatçylygyny, asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Ýaş robototehnikaçy atly bäsleşik geçirildi
Ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç