Türkmenistanda ýokary bilim almak has kynlaşýar

Türkmenistanda ýokary bilim almak has kynlaşýar

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň içinde we daşynda ýokary bilim almagy kynlaşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň içindäki uniwersitetlere girmek üçin para mukdarynyň esli ýokarlanandygyny habar berýärkä, garaşsyz media çeşmesi türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçiliginiň esli çäklenendigini habar berýär.

Şu aýda, Türkmenistanyň uniwersitetlerine we hünär berýän orta okuw jaýlaryna giriş synaglary alnyp barylýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ekzamenleriň okuwa girmegi kesgitlemeýändigini, okamak mümkinçiligiň para bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler.

"Bu ýyl okamak isleýänler eýýäm fewral aýynda saýlan okuw jaýlarynyň işgärlerine para berdiler. Sanawlar alty aý mundan ozal düzüldi" - diýip, Azatlygyň Balkanabatdaky çeşmesi aýtdy.

Azatlygyň habarçysy, hususan-da, Balkanabatda ýerli bilim edaralaryna berilýän paranyň mukdarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 70-100% artandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, şäherdäki giriş synaglary 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär.

Çeşmeler ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin paranyň onlarça ýyl bäri sklanýandygyny we onuň möçberiniň gitdigiçe artýandygyny aýdýarlar. "15 ýyl ozal häkimiýet çalşylandan soň uniwersitetlerdäki para birnäçe esse ýokarlandy, indi bolsa iki esse artdy" - diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, paýtagtyň iň arzan hasaplanýan uniwersitetlerinden biri Oba hojalyk uniwersitetine berilýän para 300 müň manat töwereginde, ýagny Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursuna görä, 85 714 dollara barabar bolýar.

Ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň ýyllyk girdejisinden onlarça esse ýokary bolan bu paranyň möçberi, ilatyň ýokary bilim almagy üçin ýeke-täk päsgelçilik däl. Okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy dürli dokumentleri, şol sanda COVID-19 testini, şeýle hem üç arka resminamasyny we garyndaşlarynyň arasynda sud edilenleriň ýokdugynyň subutnamasyny öz içine alýar.

Azatlygyň habarçysy, indi garyndaşlarynyň sud edilmändigi hakyndaky kagyz daşary ýurlara okamaga gidýänlerden hem talap edilýär, şunuň bilen baglylykda, şeýle sprawkany edinmäge islegler artýarka ony pula satýan hyzmatlar hem rekord derejä ýetdi diýýär.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri daşary ýurtlarda döwlet maksatnamalary boýunça okamaga rugsat berilýän adamlaryň sanynyň 4000-5000 aralygyndan 2000-e çenli azaldylandygyny we Türkmenistanyň ykrar edýän daşary ýurt okuw jaýlarynyň sanawynyň hem çäklendirlendigini habar berdi.

Bu sanaw türkmen raýatlarynyň daşary ýurt uniwersitetlerinde okamak üçin gitmek rugsadyny almak we okuw çykdajysyny resmi kurs boýunça manatda tölemek mümkinçiligini üpjün edýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatynda döwletiň goldawy bilen daşary ýurtlara iberilýän studentleriň sanynyň çäklendirilmeginiň dünýädäki durnuksyz ýagdaý bilen düşündirilýändigi habar berilýär. "Durnuksyz ýagdaý Gazagystandaky ýanwar wakalaryna, Ukrainadaky söweşe, Garagalpagystandaky soňky protestlere we epidemiologiki ýagdaýa degişli" - diýip neşir belleýär.

Russiýanyň Ukraina esassyz hüjüme başlandan soň, türkmenistanly müňlerçe student watanyna dolanmakda kynçylyk çekipdi. Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryň sany barada statistikany çap etmeýär. Türkmenistanly studentleriň bilim alýan birnäçe ýurdunyň statistikasyna görä, olaryň sany on müňlerçe bolup, olaryň köpüsi öz hasabyna okaýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” daşary ýurtlarda öz hasabyna okamak isleýän türkmen raýatlarynyň şu ýyl ýurtdan çykyp bilmezliginiň ähtimallygynyň ýokarydygyny belleýär.

"Soňky ýyllarda mekdebi tamamlan müňlerçe uçurym we goşunda gulluk eden ýaşlar daşary ýurt uniwersitetlerinde bilim almak üçin gitmegi umyt edýärler. Şeýle-de bolsa, Bilim ministrliginiň sebit bölümleriniň işgärlerine dalaşgärleriň ene-atalary bilen düşündiriş işlerini geçirmek tabşyryldy. Resmiler ene-atalara bu çäklendirmeleriň wagtlaýyn we indiki ýyl ýatyrylmagyna garaşylýandygyny düşündirmeli "- diýip neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden maglumat alyp bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar
Ýaşyl seýilgähler dörediler
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar