Türkmenistanda ÝOJ-lardaky paranyň möçberi "$100 müňden hem aşýar"

Türkmenistanda ÝOJ-lardaky paranyň möçberi "$100 müňden hem aşýar"

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar tamamlanyp, gutardyş synaglary dowam edýärkä, iýun aýynda ýurduň ýokary we orta hünär mekdeplerinde nobatdaky para almak möwsümi başlandy. Ýöne bilim ulgamyndaky çeşmeler we ene-atalar bu möwsümiň başlanmagy bilen bir wagtda, eýýäm tamamlanyp barýandygyny hem aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýärler.

Habarçylarymyz şu ýyl ýurduň käbir ÝOJ-larynyň okuwa kabul etmek üçin dalaşgärlerden soraýan parasynyň möçberini anyklamagy başardylar. Olaryň maglumatlaryna görä, paranyň möçberi okuwyň görnüşine we bölümine görä üýtgeýär.

"Býujetiň hasabyna ýokary bilim aljak dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberi 300 müň manatdan 2 million 500 müň manada çenli ýetýär. Bu görnüşde okuwa ýerleşen dalaşgärlere her aý talyp haky tölenýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 7-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Bu serişdeler ýurduň Merkezi Bankynyň alyş-çalyş kursunda $85000-$700000, gara bazaryň nyrhynda $16500-$138000 deňdir.

"Medisina fakultetine okuwa girmek üçin dalaşgärlere 600 müň manat, ýuridika we MHM-e degişli bölümlere okuwa girmek üçin 2,5 million manat para kesildi" diýip, çeşmämiz belledi.

Ýagdaýdan habarly ene-atalar we çeşmelerimiz ÝOJ-laryň şertnama esasynda okuwa kabul etmek üçin dalaşgärlerden 120 müň manatdan 200 müň manada çenli para soraýandygyny hem aýdýarlar. Bu serişdeler ýurduň Merkezi Bankynyň alyş-çalyş kursunda $34000-$57000, gara bazaryň nyrhynda $6500-$11000 barabardyr.

"Bu görnüşde okuwa kabul edilen dalaşgärler ýylda 20 müň manada golaý okuw tölegini hem tölemeli bolýarlar. Olara talyp haky berilmeýär we olar umumy ýaşaýyş jaýyndan hem peýdalanyp bilmeýärler. Olar Aşgabatda kireýine jaý almaly bolýarlar we bu her bir talyp üçin her aýda 4 müň manada düşýär" diýip, ýagdaýdan habarly ene-atalaryň biri aýtdy.

Ýöne habarçylarymyz ýokary para möçberlerine we ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaşgärlerden para almak möwsüminiň başlanmagy bilen bir wagtda, tas tamamlanyp barýandygyny hem aýdýarlar.

"Paralar alnyp, tas boş ýer galmady. Ýurduň ÝOJ-laryna okuwa girmäge synanyşýan dalaşgärler juda kän" diýip, çeşmämiz aýdýar.

Habarçylarymyz ýokary okuw üçin raýatlaryň daşary ýurda çykmak mümkinçilikleriniň bu ýyl hem tas ýokdugyny, şol sebäpden içerki ýokary okuw jaýlaryna isleg bildirýän dalaşgärleriň sanynyň juda kändigini belleýärler. Türkmenistanda pandemiýa sebäpli çäklendirilen halkara uçar gatnawlary heniz hem doly güýjünde dikeldilmedi.

"Ukrainada okamak mümkinçiligi hem puja çykdy. Günbataryň Russiýa hüjüm etmek ähtimalyndan gorkýan ene-atalar öz çagalaryny Russiýa hem ugratmakdan ýaýdanýarlar. Ertir näme boljakdygy nämälim" diýip, ene-atalaryň biri aýtdy.

Azatlyk ÝOJ-lar üçin soralýan para-berim boýunça Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Azatlyk Türkmenistanyň çagalar baglarynda, umumy bilim berýän we orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da haýsydyr bir edara-kärhana işe kabul edilmekde we beýleki ugurlarda giň ýaýran para-berim barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Habarçylarymyz ýurduň käbir pudaklaryna işe ýerleşmek isleýän hünärmenlerden talap edilýän paranyň soňky aýlardaky möçberleri we onuň "onlarça müň dollara çenli baryp ýetendigi" barada 7-nji iýunda habar berdiler.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 169-njy orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Käbiri para berip mekdep saýlaýar, käbiri okuw esbaplaryny satyn alyp bilmeýär'.
Lebaply ene-atalar: ÝOJ-lardaky paranyň möçberi '$15 müňden başlanýar'
"Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"
Türkmenistanyň ÝOJ-larynda dalaşgärlerden “para almak möwsümi” başlandy
Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga ýykgyn edýän ýaşlar köpelýär
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty