Türkmenistanda ýiten çagalar barada habar köpelýär

Türkmenistanda ýiten çagalar barada habar köpelýär

Türkmenistanda adamlaryň ýitirim bolýandygy barada onlarça ýyl bäri ne häkimiýetler, ne-de döwlet mediasy habar berýär. Ulularyň we çagalaryň dereksiz ýitýändigi soňky döwürde sosial mediada kömek sorap çap edilýän bildirişlerden we garaşsyz çeşmeleriň berýän maglumatlaryndan mälim bolýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna çagalaryň ýitirm bolmagy bilen bagly mälim bolan soňky ýagdaýlaryň biri 18-nji iýunda Maryda ýüze çykypdyr. 4-nji synpy tamamlan 9 ýaşly gyz Gurbanlyk baýramynyň üçünji güni öýünden çykyp gidenden soň öýüne dolanmandyr.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler çaganyň bäş günläp tapylmandygyny 23-nji iýunda gürrüň berdiler. 24-nji iýunda çaganyň Murgap derýasynyň kenarynda öli tapylandygy mälim edildi.

"24-nji iýun güni ýiten çagajygyň Murgap derýasynyň gyrasyndan tapylandygyny ene-atasyna kanun goraýjy edarasy tarapyndan habar berildi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarly çeşmeler, çaganyň ýitirim bolmagyna degişli derňew işleriniň dowam edýändigini we köp soraglaryň jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.

"Murgap derýasynyň gyrasyndan akyp çykdy. Murgap derýasy çaganyň ýaşaýan ýerinden has uzakda, nädip 9 ýaşly gyzjagaz derýanyň boýuna barypdyr? Häzir çaganyň şahsyýetini anyklamak we medekspertiza işleri, ten şikeslerini, içki organlaryny barlamak boýunça işler geçiriler. Doly maglumat elýeterli bolandan soň, doly görnüşde habar berler" diýip, habarçymyz polisiýa işgärini sitirleýär.

Çaga birnäçe günläp polisiýa tarapyndan gözlendi, agtaryş işlerine tutuş töwerek daşyndaky adamlar hem goşuldy.

"Bizem goňşular, garyndaşlar, tanyşlar ýerli ýerden gözlemäge başladyk, emma netije bolmady" diýip, çeşmeleriň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriň howpsuzlygy sebäpli çaganyň adyny we beýleki jikme-jik maglumatlary çap etmekden saklanýar.

Çeşmeler çaganyň ýitmeginiň örän geň bolandygyny, onuň öz ejesiniň telefon nomerini ýatdan bilýändigini bellediler. Maşgalanyň çagasyny gözlemek üçin elinden geleni edendigini, palçylara, molla ýüz tutandygyny we yzygiderli polisiýa ýüzlenendigini çeşmeler gürrüň berdi.

"Polisiýa işgärleri şu güne çenli her ýylda çaga ýitýär, tapylmaýany hem bar, tapylany köp diýsegem bolýar, tapylýany 3-4 günden aňry geçmän tapylýar. Gözlenýän çagalar hakykatdan hem bar, her ýyl biri-ikisi ýitýär" diýip, çeşmeleriň ýene biri polisiýa işgärini sitirleýär.

Azatlyk Radiosy Marynyň polisiýa wekillerinden çagalaryň dereksiz ýitmegi barada resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Adamlaryň, esasan çagalaryň ýitirm bolmagy baradaky habarlar soňky ýyllarda sosial ulgamlarda duş gelýär. Soňky wagtda sosial media serişdeleri adaty ulanyjylar bilen bir wagtda türkmen polisiýasy üçin hem maglumat ýaýratmak we ýitenleri gözläp-tapmak üçin platforma öwrüldi.

Geçen ýylda IMO-da jenaýatçylykda güman edilýänleriň gözlegi hakyndaky bildirişler, şeýle hem ýitirim bolan çagalar baradaky habarlar has köp göze ilip başlady. Geçen ýylyň güýz aýlarynda ýurduň dürli sebitlerinde ýiten çagalar barada 10-dan gowrak bildiriş IMO-da çap bolupdy.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri bildiriş bermek üçin sosial ulgamlaryň ulanylyp başlanmagynyň meseläniň barha agyrlaşmagy bilen baglydygyny aýtdy. "Çagalar ýitirim bolýar, käbirleri gidýär we öýlerine gaýdyp barmaýar, käbirleri alnyp gaçylýar. Jenaýat köpelýär, ogurlyklar ýygy-ýygydan bolýar" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen balkanly polisiýa işgäri aýtdy.

Her ýyl dünýäde ýüzlerçe müň çaga ýitýär, ýöredilýän statistika ene-atalaryň ýitirim bolan çagalar baradaky ýüzlenmelerine esaslanýar, käbir çagalar tapylýar, emma käbirlerini tapyp bolmaýar. Dünýä tejribesinde çagalaryň ýitmeginiň öňüni almak üçin kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalaryna çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerur çäreleri barada habar berilýär. Bu meselede meýletin çäreleriň we meýletinçileriň işiniň ähmiýeti ösdürilýär.

Meseläni köpçülige ýatladyp durmak maksady bilen her ýyl 25-nji maýda dünýäde ýitirim bolan çagalaryň halkara güni bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda polisiýa IMO arkaly kömek soraýan naçarlary yzarlaýar
Maryda näbelli mör-möjekler ýaýraýar
Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär