Türkmenistanda Ýewropa gaz ibermek babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

Türkmenistanda Ýewropa gaz ibermek babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

Ozal habar berşimiz ýaly, 13-14-nji dekabr aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçiriler.

Sammitiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gepleşikler geçiriler.

Anadolu Ajansi saýtynyň habaryna görä, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gazpromyň başlygy Alekseý Miller geçirilen duşuşygynda Türkiýede gaz merkeziniň döredilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oktýabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Türkiýede rus gazynyň üçünji ýurtlara we ilkinji nobatda Ýewropa gitjek uly gaz merkezini döretmek boýunça teklip bilen çykyş edipdi.

Az wagt soňra Ärdogan gaz merkeziniň döredilmegi bilen bagly mowzugyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Ýakynda Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretary Ibragim Kalyn diňe bir azerbaýjan gazynyň däl, eýsem geljekde Türkmenistanyň energiýa çeşmeleriniň hem, Gazagystanyň hem TANAP (Trans-Anatolian Natural Gas Pipeline) energiýa geçirijisiniň üsti bilen Ýewropa baryp biljekdigini belledi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan üçtaraplaýyn duşuşygy bu babatda iň möhüm tapgyrlardan biri bolar.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişdi