Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmenistanda 10-njy noýabrdan 3-nji dekabr aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Aşgabat we Mary şäherlerinde guralar.

ÝB-niň Medeniýet hepdeligi 10-njy we 11-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert bilen açylar. Konsertiň dowamynda fransuz kompozitorynyň dünýä aýdym-saz premýerasy Türkmenistanyň halkyna hödürlener. Konsert sagat 19:00-da başlar. Petek satyn almak bilen bagly soraglar üçin: (+99312) 22-38-98; (+99363) 46-71-77; (+99364) 03-74-56.

Mundan başga-da, 24-nji noýabrda sagat 17:30-da Bouygues Turkmen Carbon Training Centre binasynda Trash multfilmi görkeziler. Multfilmi görmek üçin @eeas.europa.eu sahypasynda hasaba alynmaly.

Medeniýet hepdeligi Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Latwiýanyň hor aýdymçysy hanym Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabat çagalar horunyň konserti bilen dowam etdiriler. Konsert 26-njy noýabrda sagat 17:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Giriş hemmeler üçin açykdyr.

3-nji dekabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçiriljek Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde Wita Timermame Muranyň ýolbaşçylygyndaky Mary çagalar horunyň konserti hepdeligiň jemleýji çäresi bolar. Konsert sagat 17:00-da. Konserte hemmeler girip bilerler diýlip, ÝB-niň wekiliýetiniň Türkmenistana iberen metbugat beýanatyda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçiriler
Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar hor konserti geçirildi
Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri
Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesi
Sportuň taryhynda şu gün 15-nji oktýabr
Sportuň taryhynda şu gün 22-nji sentýabr