Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulylar Geňeşinde kabul edilen 2018-2024-nji ýyllara Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge we onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat serişde gönükdiriler.
Bu serişdelere uzak aralykdan Ýeri barlamaga niýetlenen ýene bir emeli hemrany döretmek we kosmos orbitasyna çykarmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem kosmos pudagynyň ýerüsti infrastrukturasyny has giňeltmek, esasy hünärmenleri taýýarlamak, kosmos tematikasyndan ylmy işi guramak bellenilýär.
Türkmenistanda kosmos tehnologiýalarynyň zamanasynyň başy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegi we 2015-nji ýylda milli aragatnaşyk hemrasynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen baglanşyklydyr.
2011-nji ýylyň maý aýynda döredilen MKA-nyň üstüne hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, ylmy barlaglary amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasyndan emeli hemrany dolandyrmagy gurnamak wezipeleri ýüklenildi.Häzirki wagtda TürkmenÄlem 52°E ilkinji türkmen hemrasy bellenilen geostasionar orbitada aýlanyp, milli telewideniýäniň kanallarynyň alnyp görkezilşini üpjün edýär.
Agentligň işgärleri kosmos enjamynyň traýektoriýa boýunça herekertine gözegçilik we ýerüsti enjamlara hyzmat etmek işlerini ýerine ýetirýärler.
Älem kanallarynyň ýokary geçirijilik mümkinçiligi TürkmenÄlem 52°E hemrasyna adaty, şeýle hem ýokary derejeli telewizion ýaýlymlarynyň onlarçasyny alyp görkezmäge mümkinçilik berýär.Onda multiserwis aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumyny üpjün etmäge niýetlenen döwrebap enjam bar.
Häzirki wagtda BSS hemra kanaly Türkmenistanyň milli radioteleýaýlymlarynyň gepleşiklerini alyp görkezýär, telewizion signalyň geçiriş kanallaryny ulanmak boýunça dürli ýurtlaryň kompaniýalry bilen şertnamalara gol çekildi.Ýurduň dürli ministrlikleri we pudak edaralary-da milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.
Türkmen hemrasy“ ÝGPJ nebit-gaz pudagynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlaryny edýär.
TürkmenÄlem 52°E aragatnaşyk hemrasy Garagum çölündäki alys obalary-da ykjam we telefon aragatnaşygy bilen üpjün etdi. Ahal welaýatnyň Baharly etrabynyň Kirpili we Balkan welaýatynyň Oýlyguşluk obalarynyň ilatyna milli hemra arkaly aragatnaşyk we internet hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.
Türkmentelekom“ döwlet elektrik aragatnaşygy kompaniýasy we Türkmen hemrasy“ ÝGPJ alyslardaky ilatly ýerleri hemra alyp görkezijisine çatdylar, onuň üstüne Türkmenistanda we daşary ýurtlarda hemra ýygylygynyň täjirçiligini we hyzmatlaryny amala aşyrmak wezipesi ýüklenildi.
Täze emeli hemranyň ýurdy ösdürmegiň möhüm meselelerini çözmekde ulanylmagyna garaşylýar. Ýeri uzak aradan barlamagyň kosmos enjamy howply, barmasy kyn we çalt hereket edýän obýektler barada maglumatlary almaga, şeýle hem uly meýdanly ýerlerde gözegçilik işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.
Uzak aralykdan barlamak usuly maglumatlary toplamagyň çykdajyly we haýal usullaryny aradan aýrar, şol bir wagtyň özünde gözegçilik edilýän ýerlerde ýa-da obýektlerde adamyň tebigy proseslere gatyşmazlygyny kepillendirýär.
Mysal üçin, energetika pudagynda elektrikgeçirijeleriň ugurlarynyň, sütünleriň we transformator kiçi beketleriniň sanly kartasyny düzmek, bu degerli maglumatlary toplamak, işlemek we saklamak, desgalaryň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek mümkin bolar.
Uzak aralykdan barlaýan hemra nebit ýataklarynyň, turbageçirjileriniň we nebti işleýän zawodlaryň işine ekologiýa-hukuk gözegçiligini amala aşyrar, şeýle hem nebit dökülmegini ýagadýyny kegitlär, tebigy magdanlary çykarýan kompaniýalaryň işine gözegçilik eder.
Geologiýa ylymlary ulgamynda (mysal üçin, ýerden peýdalanmakda), oba hojalygynda (tebigy serişdeleri ulanmakda we gorap saklamakda), milli howpsuzlykda (serhetýaka ýerleriň gözegçilignde) uzak aralykdan barlamagyň amaly ähmiýeiti bardyr.
Hemranyň kömegi bilen sebitleriň we aýry-aýry ýerleriň şekiliniň kesgitli tapgyrlylygyny, peýdalanylýan ýerleriň ýagdaýy barada maglumatlary almak, ulanylýan we ulanylmaýan ýerleriň meýdanyny kesgitlemek mümkinçiligi dörär. Kosmos enjamy oba hojalyk işleriniň barşyna gözegçilik etmäge, dökünleri ulanmagyň derejesini kesgitlemäge, ekinleriň ýetişenligini anyklamaga, hasyllylygy çaklamaga ukyplydyr. Bu maglumatlar oba hojalyk önümçiligini amatlaşdyrmakda we tehniki işleri giňişleýin-bellenilen tertipde dolandyrmakda ulanylyp bilner.
Kosmosdan nebit-gaz toplumynyň islegini kesgitlemäge, şäher gurluşygyna gözegçilik etmäge, gury ýerlere we deňiz ýalpaklaryna ekologiýa gözegçiligini we ş.m. işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.