Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň (SweAFI) “Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremelerini duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak ” taslamasy işläp başlady. Ol döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär we BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda 2020-nji ýyla çenli durmuşa geçiriler.
Institutyň, gurluşyk we binagärlik, saglygy goraýyş we derman senagaty, goranmak, bilim ministrlikleriniň, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň, paýtagtyň häkimliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen seminarda taslamany durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taslamanyň wezipeleri bilen tanyşdyryldy, onuň çäklerinde Aşgabadyň binalarynyň we desgalarynyň seýsmiki durnuklylygyna baha bermek göz öňünde tutulýar.Ylmy barlaglaryň toplumynyň netijesi boýunça paýtagtyň sebitler boýunça seýsmiki ýagdaýyna görä bölünen kartasy-çysgysy düzüler.
Bellenilişi ýaly, binalar barlananda, ozaly bilen, çagalar baglaryna, mekdeplere, ýaşaýyş jaýlaryna, senagat desgalaryna üns berler.Institutyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, işgärleri taýýarlamak, adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik, olary duýdurmak we olar boýunça çäreler görmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamak işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenitanyň territoriýasynda seýsmiki işjeňlige SweAFI-niň düzümindäki sanly stasionar stansiýalaryň ýigrimiden gowragy, özbaşdak, göçme seýsmiki stansiýalaryň onlarçasy gözegçilik edýärler. Şeýle desgalaryň biri Türkmen kölüniň golaýynda goýuldy.Gurşawyň elektromagnit we geomagnit parametrleriniň meýilleşdirilen geodinamiki gözegçiligi, gidrogeohimiki barlaglary alnyp barylýar.
Tebigy seýsmiki sesler barlanylýar, munuň üçin institutyň alymlarynyň ygytyýarynda şol wagtyň özünde gözegçilik etmek binýady bar.Soňky ýyllarda institutyň işgärleri gözegçilikleri kämilleşdirmek boýunça täze usulýetleriň 25-sini taýýarladylar, 2017-nji ýylda ýurduň territoriýasynyň seýsmiki sebitleriniň milli kartasy-çysgysy döredildi, seýsmiki intensiwligiň täze şkalasy işlenilip taýýarlanylýar.
SweAFI-iň alym sekretary Swetlana Ahmedowanyň belleýşi ýaly, işgärler, toplanylan tejribeler, institutda işlenilip taýýarlanylan usullar gurluşyk meýdançalarynyň seýsmiki aýratynlygyny öwrenmäge, köp gatly jaýlaryň öz rezonans yrgyldy ýygylygyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. “Hünärmenlerimiz gazylyp alynýan peýdaly maddalaryň ýataklary senagat taýdan işlenilýän sebitler üçin tehnogen ýer titremeleriniň döremegini çaklamagy, turba geçirijiler geçirilýän ýerleriniň geodinamiki gözegçiligini amala aşyrmagy başarýarlar. Şäher gurluşygy ulgamynda biz seýsmiki durnuklylyk YBI bilen bilelikde binalaryň gurluşyk konstruksiýalarynyň hasabynyň usulyny kämilleşdirmäge taýýar” diýip S.
Ahmedowa belledi.
“Taslama işi seýsmiki töwekgelçilikler boýunça hereketleriň Döwlet maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-nyň ÖM-nyň arasyndaky bilelikde maliýeleşdirmek barada ylalaşygynyň çäklerinde gurnalan diýip söhbetdeşligimizde SweAFI-niň uly ylmy işgäri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Amandurdy Hojaýew aýtdy.
Döwlet tarapyndan bölünip berlen serişdeler geodeziýaçylaryň, gidrogeologlaryň, gurluşykçy-inženerleriň, ýokary okuw mekdepleri ylmynyň wekilleriniň gatnaşmagynda barlaglary geçirmek üçin enjamlary satyn almaga harçlanar.Göz öňünde tutulýan iş institutyň işinde terjibe ähmiýetli ugur bolar”.
Taslamanyň edarasy SweAFI-niň jaýynda işlär. Ýylyň ahyryna çenli 2019-njy ýyla iş meýilnamasy işlenilip düzüler. Ýakyn wagtda seýsmometrik we edara enjamlary gelip gowşar. Bilelikdäki taslama gatnaşyjylar Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ugurdaş YBI-leriniň daşary ýurt taslamaryny seljererler, şeýle hem maslahatlary taýýarlarlar. Netijede toplanan maglumatlar uzak möhletleýin milli strategiýany düzmek üçin ulanylar.
BMG-nyň ÖM-ndan taslama toparynyň hünärmeni Japar Garajaýew Merkezi Aziýa sebitine ýokary seýsmiki işjeňligiň mahsuslygyny nygtady.Iri YBI-leriniň alymlary we gurluşykçy-inženerler berk gurluşyk materiallaryny işläp taýýarlap, binalaryň durnuklylygynyň üstünde işleýärler, seýsmiki durnukly taslamalary taýýarlamak bilen meşgullanýarlar, degişli çäreleri görmek gulluklarynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň üstünde işleýärler.
Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaý boýunça degişli çäreleri görmegiň edaraara meýilnamasy hereket edýär.Taslamanyň çäklerinde göz öňünde tutulan iş tebigy betbagtçylyklara garşy durmagyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.