Türkmenistanda ýene ýeňillikli bahadan berilýän dermanlaryň sany azaldyldy

Dermanlaryň bahalarynyň elmydama ýokarlanmagy bilen bir hatarda, saglyk ätiýaçlandyrmasy bolanlara ýeňillikli bahadan berilýän dermanlaryň hem sany azalýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Soňky wagtlarda bu sanawdan Aktowegin we Serebrolezin sanjymlary üçin serişdeleri aýyrdylar.

Saglyk edarasyna bu dermanlary almak boýunça ýazgy (resept) üçin ýüz tutan adamlaryň aýtmaklaryna görä, lukmanlar Analgin, Diklofenak, Enalapril, Riboksin ýaly has ýönekeý we arzan dermanlary ýazyp berenlerini kem görmeýärler. Şeýle-de, saglyk işgärleriniň öz pikirleri boýunça hem netijeliligi pes hasaplanylýan ýerli dermanlary ýazyp berýärler.

Maýyplar, şol sanda 1-nji topar maýyplar hem, reseptden başga, dermanhanada özleriniň maýypdygyny tassyklaýan dokument görkezmeli.

Döwlet dermanhanalarynda reseptsiz dermanlary hususy dermanhanalardaky bahalardan satýarlar.

Hususy dermanhanalarda soňky dört aýda bahalary gymmatlan dermanlar:

Kardiomagnil (150 mg-den 100 däne) 97 manatdan 123 manat boldy;

Almiba (5 ampulasy) 105 manatdan 142 manada galdy;

Kokarnit (3 ampulasy) 85 manatdan 148 manat;

Panangin (5 ampulasy) 48 manatdan 65 manat;

Aktowegin (10 ampulasy) 132 manatdan 239 manat;

Mildronat (40 kapsul) 68 manatdan 94 manat boldy.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýabrynda saglyk ätiýaçlandyrmasynyň bahasy aýlygyň 2 prosentinden 3 prosentine çenli bolanlygyndan 50 prosente çenli ýokarlandy. Şol bir wagtda, ätiýalandyrma bolan ýagdaýynda ýeňpillikli bahadan alyp bolýan dermanlaryň sany üç esseden gowrak azaldyldy.

Ýene degişli makalalar

Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Diňle: Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlar maýyplar guramasynyň işinden nägile bolýar
Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar
Oraza bilen bagly Aşgabadyň dükanlarynda mätäçlere mugtyna harytlar paýlanýar,emma,isleýänleriň diňe az sanlysyna ýetýär
ÝUNISEF-iň täze ýerini ýetiriji direktory bellenildi
Aşgabadyň ýaşaýjylary çörek almak üçin ir sagat 3-de nobata durýarlar
Aşgabadyň maýyp ýaşaýjylary ýetip gelýän baýramlarda 2 dollarlyk sowgatlar beriljekdigi baradaky myş-myşlar sebäpli, güwänamalar ýygnaýarlar