Türkmenistanda ýene internetiň we VPN tilsimleriniň elýeterliliginde bökdençlikler bolýar

Türkmenistanda ýene internetiň we VPN tilsimleriniň elýeterliliginde bökdençlikler bolýar

Soňky hepde Türkmenistandaky internet ulanyjylar üçin setleriň we petiklenen saýtlaryň, sosial ulgamlaryň hem messenjerleriň petiklenmeginden sowa geçip bolýan VPN tilsimleriniň elýeterliliginde çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykdy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Häkimiýetleriň VPN serwisleri yzygiderli petiklemek we senzuradan sowa geçmek üçin entek hereket edýän serwisleri goýýan hünärmenleri yzarlamak synanyşyklary şeýle hyzmatlaryň bahasynyň ep-esli gymmatlamagyna getirdi.

Bir ýyl mundan owal VPN oturtmagyň bahasy 80 manat bolan bolsa, häzir bu kä ýagdaýlarda 50 dollara ýetýär.

Resmi däl ýagdaýda şeýle hyzmat bilen ýurtdaky ýeke-täk internet-prowaýder “Altyn asyryň” işgärleri meşgullanýarlar.

Azatlyk radiosynyň habaryna görä, 15-nji iýulda köpsanly saýtlar we VPN bilen birlikde RIA Nowosti rus gullugynyň, Tass, RBK, InoSMI we beýlekileriň saýtlary elýeterli bolmady. Ertesi gün olaryň elýeterliligi dikeldildi diýip neşir ýazýar.

Mundan bir gün soňra, 16-nji iýulda ТАСС, РИА Новости öz saýtlarynyň şol sanda, RBK, Lentaru saýtlarynyň Türkmenistanda meselesiz açylýandygyny habar berdiler.

Olar VPN-niň petiklenýändigini anyklaşdyrmadylar.

14-nji iýulda Turkmen news saýtynyň beren habaryna görä, Türkmenistanda Cloudflare şirketiniň serwisleriniň elýeterliligi petiklenýär.

Onuň saýasynda “türkmen internetiniň 70 göterimi işleýär” diýip neşir ýazýar.

Bu maglumatlary Cloudflare Radar serwisi tassyklaýar.

Onuň habaryna görä, soňky hepde Türkmenistanda trafik tas nola çenli düşdi.Emma, onuň 17-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda täzeden dikelýändigi görünýär.

Şu ýyl Türkmenistanda internetdäki bökdençlik hasam artdy.Aprel aýynda ulanyjylar saýtlara iki gün çemesi girip bilmediler. “TH-niň” habarçylarynyň maglumatyna görä,ýurtda rugsat edilen saýtlaryň sanawyny girizmäge synanyşdylar.

Başgaça aýdylanda, owal petiklenen saýtlaryň sanawy bolsa, şonda rugsat edilenleriň hatayna girmeýän ähli saýtlar we onlaýn serwisler petiklenipdi.

Türkmenistanda internetiň petiklenmegini aňtaw gulluklar, komponentniý bolmadyklar tarapyndan bilkastlaýyn baglanma, könelen düýp gurluşlar, internet prowaýderiniň nädogry goýlandygy ýa-da bular ýa olaryň käbiriniň jemlenmesi sebäpli diýip mydama aýdyp bolmaýar.

Mysal üçin, aprel aýynda “TH-niň” bir okyjysy internetiň kesilmeginiň-VPN birikmelerini ýüze çykarmak we petiklemek üçin ulanylýan täze aýratynlyklary ýa-da täze internet trafigi derňewiniň synagy bilen ilteşikli “Türkmentelekomyň” DNS-serwisleriniň hatardan çykmagy sebäpli bolandygyny çaklapdy.

The post Türkmenistanda ýene internetiň we VPN tilsimleriniň elýeterliliginde bökdençlikler bolýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Putiniň daşary ýurtlular baradaky kararyndan soň, Russiýa gitmekçi bolýan lebaplylar köpelýär
Pyrtykal şiresini mandarinden ýasamagy teklip edýärler
Krym köprüsi ulaglara ýapyldy
Russiýa Federasiýasynda ömrüň dowamlylygy artýar
Pikirsoraşma dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň dollara gatnaşygyny görkezdi
Türkiýe daşary ýurtly raýatlar üçin täze gözegçilik çärelerini girizýär
Owganystan serhedine türkmenistan harby enjamlaryny ibermändir