Türkmenistanda ýene-de sakgala garşy söweş güýçlenýär

Türkmenistanda indi esli ýyl bäri näresmi düzgün hereket edýär we bu düzgüne laýyklykda 40 ýaşyna ýetmedik erkeklere sakgal goýbermek gadagan edilýär.

Netijede wagtal-wagtal, belki-de ýokarky ýolbaşçylaryň dilden berýän görkezmeleri esasynda, sakgal goýberen ýaş adamlary tutup, sakgallaryny syrmagy talap edýärler.

Häzir Aşgabatda sakgalyň garşysyna alnyp barylýan göreş täzeden möwjäp galdy.

Polisiýa işgärleri köçede sakgalyny syrmadyk ýaş erkekleri saklap, polisiýa bölümine alyp gidýär we ol ýerde olardan sakgallaryny syrmak talap edilýär.Bu ýagdaý köplenç adamlardan gorkusyp para almaga syrygýar.

Polisiýa işgärleri ýaş erkeklere, eger 100 manat töleseler goýberjekdigiklerini, ýogsa sebäp tapyp, jerime ýazjakdyklaryny aýdýarlar.Tassyklanmadyk maglumatlara görä, käbir ýagdaýlarda saklanan erkekleriň polisiýa bölümlerinde urlup-ýenjilmelere we kemsidilmelere hem sezewar bolýandygy aýdylýar.

Awtoulaglaryň sürüjilerini hem saklaýarlar. Saklananlaryň biriniň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň bermegine görä, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgäri onuň maşynyny saklap, sürüjilik şahadatnamasyny görkezmegini talap etdi. Sürüjiniň 40 ýaşdan ýaşdygyna göz ýetireninden soň bolsa, polisiýa ofiseri ondan näme üçin sakgal goýberendigini sorady we “bu bolanok” diýdi.

Sürüji beýle zady hiç ýerde eşitmändigini we beýle gadaganlyk barada ýazylan ýeriniň hem ýokdugyny aýtdy. Ofiser sürüjiniň bu sözüne kanuny bilmezligiň jogapkärçilikden boşatmaýandygyny aýdyp jogap berdi we onuň özi bilen polisiýa bölümine gitmegini talap etdi.

Polisiýa bölüminde sürüjä sakgaly diňe 40 ýaşyna ýeten adamlaryň goýberip bilýändigini ýene-de bir gezek düşündirdiler we ony golaýdaky dellekhana baryp, derrew sakgalyny syrmaga mejbur etdiler.

Sakgalyňy syrdyryp gelmeseň, sürüjilik şahadatnamaňy almarsyň diýip, polisiýanyň nobatçy ofiseri aýtdy.

Sürüji bu talaba boýun bolmaly boldy. Sakgalyny syrdyryp gelenden soň, onuň sürüjilik şahadatnamasyny yzyna berdiler.

Söhbetdeşimiziň haýyşy sebäpli biz onuň adyny we ýaşaýan ýerini, şeýle-de polisiýa bölüminiň nomerini aýdyp bilmeýäris.

Işleýän adamlara, diňe döwlet edaralarynda we guramalarynda hem däl, eger sakgal goýberip başlasalar, islendik işde işden kowulmak wehimi abanýar.

Sakgal goýbermeklige garşy girizlen gadaganlygyň anyk sebäbi belli däl, ýöne il arasynda giň ýaýaran ynanja görä, häkimiýetler sakgally erkekleriň yslam akymlaryna dahylly bolmagyndan howatyr edýärler.

Ýene degişli makalalar

Lebapda häkimiýetleriň yzarlamalaryndan soň, juma namazyna barýan adamlar azaldy
Golf oýnasyn Gurbanguly (Okyjylaryň döredijiliginden)
Türkmen ilçisi gyzlaryň jinsi geýmegini, oglanlaryň sakgal goýbermegini gadagan etdi
Türkmen polisiýasy sakgal goýberen ýaş raýatlaryň sakgalyny syrýar
Eýran: Türkmensähra türkmenlerini koronawirus heläk edýär
2022- türkmen zenanlarynyň gysaç astyna düşen ýyly