Türkmenistanda ýene-de bäş sany ýokary okuw mekdebi hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Türkmenistanda ýene-de bäş sany ýokary okuw mekdebi hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça işleriň amala aşyrýar. Bu işleriň netijeleri barada wise-premýer G.Müşşikow Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly teklipler barada maglumat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribäni öz içine alýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutany döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Dünýä dilleri institutyna tölegli okuwa kabul edilen ýaşlardan goşmaça pul toplanýar
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy
Türkmen ýaşlary howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahata taýýarlanýar
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi