Türkmenistanda ýene bir zenan 100 ýaşy arka atdy

Türkmenistanda ýene bir zenan 100 ýaşy arka atdy

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy Gurbantäç Alyýewa 100 ýaşy arka atdy diýip, Balkan gazeti habar berýär.

Halk arasynda Älem ene ýaşlygyndan tagam taýýarlamakda, keşde çekmekde, haly-palas dokamakda, keçe güllemekde, aýdylyşy ýaly, öňüne zenan geçirmeýär. Ol öz obadaşy Alaý Hallysähedow bilen durmuş gurýar. Döwrüniň kynçylykly ýyllarynyň güzabyny gözi bilen görýär, egni bilen çekýär.

Älem enä 100 ýaşynyň dolmagy mynasybetli welaýat hem-de etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleri tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bagtly maşgala baş bolup oturan mährem enäniň 10 çagasy, 38 agtygy, 83 çowlugy, 10 ýuwlugy bar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleri guramasynyň sammiti geçirildi
Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady
Azerbaýjanyň Prezidenti Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň Prezidentleri duşuşdy
Türkmen tarapynyň düzümi tassyklandy
Türkmenistanyň baş drama teatrynda Romeo we Julýetta atly sahna eseri görkezildi