Türkmenistanda ýene 276 tussagyň günäsi geçildi

Türkmenistanda ýene 276 tussagyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy dekabrda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen 276 raýatyň günäsini geçdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Emma metbugat günäsi geçilen bendileriň eden jenaýatlary, oturan ýyllary, türmede galan tussaglaryň umumy sany, olaryň esasan haýsy jenaýatlara baş goşandygy barada maglumat bermeýär.

Adatça bolşy ýaly, prezident günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşap, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalaryna gowuşmagy üçin ähli zerur işleriň edilmegini tabşyrdy.

Mundan öňki ýyllarda günäsi geçilen tussaglaryň işe ýerleşdirilmegi barada hem 'berk' tabşyryklar berlerdi.

20-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Türkmenistanda 736 tussagyň günäsi geçildi. Mart aýynda bolsa, Gadyr gijesi mynasybetli, prezident 365 tussagyň günäsini geçdi.

Türkmenistan sebitde ilat sanyna görä iň kän tussagly ýurtlaryň biri bolup, hyryn-dykyn türmeleri ýeňletmek we indiki tussaglara ýer boşatmak üçin, köpçülikleýin gänä geçiş praktikasyny ulanýar.

Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllarynda tussaglaryň günäsi esasan Gadyr gijesine gabat, 8, 9 müň adam çenli geçilen bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow tussaglaryň günäsini uly baýramçylyklara gabat, bölüp, azrakdan geçmek praktikasyny girizdi.

Türkmenistanda türme, tussag meselesi iň ýapyk meseleleriň biri bolup, adamlara ol ýa-da beýleki jenaýat üçin iş kesmegiň, soň olaryň günäsini geçmegiň uly pul aýlanýan korrupsiýa ulgamyny döredendigi aýdylýar.

Türkmenistanda soňky 33 ýylda näçe raýatyň iş kesilip, türmä basylandygy, olaryň näçesiniň günäsiniň geçilendigi, näçesiniň türmede ölendigi belli däl.

Azatlygyň habarçylary günäsi geçilen tussaglaryň işe ýerleşmeginiň örän kyndygyny habar berýärler. Bu ýagdaý öňki tussaglaryň käbiriniň gaýtadan jenaýat baş goşmagyna ýa-da daşary ýurtlara gitmegine sebäp bolýar diýip, Türkiýede işleýän öňki tussag aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmen türmelerinde diri ýitenleriň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýändigi aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri bu meseleler boýunça açyk düşündiriş bermegi zerur hasaplamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Daşoguzda howa sowady, ýyladyş turbalaryndaky suw doňdy, gaz we elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşdy
Balkanda bolan üç ýol-ulag hadysasynda dört adam heläk boldy
Baýramçylygyň fonunda Türkmenabatda howpsuzlyk güýçlendirilýär
Pagta möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, plan borçnamasy agzalmaýar
Ýylyň jemleri 2024: Syýasy üzňelik, dymyşlyk we doňaklyk ýadawlygy özgeriş teşneligi bilen ýugruldy